Pyragynyň döredijiligi terjime äleminde
Halklaryň, ýurtlaryň dostlukly gatnaşyklaryny üpjün etmekde, has berkitmekde terjimeçilik işi aýratyn orny tutýar. Terjimeden garaşylýan netijäni gazanmak üçin, halklaryň taryhyna, durmuş-ykdysadyýetine, medeni ösüşine, milli dünýägaraýşyna, däp-dessurlaryna, edebi döredijiligine degişli maglumatlary çuňňur bilmek zerur bolup durýar. Terjime — bir dildäki teksti başga bir dilde beýan etmegi, şol teksti terjime edilýän dilde täze görnüşde döretmegi aňladýar. Adatça, bu ýagdaýa «bir dilden beýleki dile geçirme» diýilýär, ýöne ol diňe bir diliň beýleki dil bilen çalşylmagy däldir. Terjimäniň dowamynda çözgüdini talap edýän uly wezipeleri anyk kesgitlemeli bolýar. Ol wezipeler dürli medeni, edebi gatnaşyklaryň netijelerini seljermegi göz öňünde tutýar.