Isaak Başewis - Zingeriň Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasynda sözlän sözi
Biziň döwrümizde (dogrusy, bu hemme döwre-de degişli), goý, ol ýazyjy bolsun ýa-da şahyr, parhy ýok, okyja diňe bir jemgyýetçilik-syýasy nusgalary jar edip ýörmeli däl-de, akyl üçin, kalp üçin ýazylan eserleri bermeli. Okyjynyň ýüregini gysdyrmak — bagyşlap bolmajak hata. Hekaýa bolsun ýa-da başga zat — ol okyjyny özüne çekmeli, gyzyklandyrmaly. Hatda ony hakykatdan daşlaşdyrmagam mümkin. Hakyky sungat okyjyny begendirmeli, şatlyk eçilmeli. Şol bir wagtda ýazyjy öz döwrüniň, öz nesliniň aladalaryndan, kynçylyklaryndan hem sowlup geçip bilmez. Diniň täsiriniň, ylaýta-da, ylahy ynanjynyň häzirki döwürde, adamzat taryhynyň beýleki döwürlerine garanyňda, has ejizdigini görmezlik mümkin däl. Çagalar Hudaýyň bardygyna, Onuň sylagyna we jezasyna, ruhuň bakylygyna, edebiň we ahlak ýörelgeleriniň zerurlygyna ynanmazdan ulalýar. Ikinji jahan urşy tutaşdy-da, Oswald Spengleriň ähli gynandyryjy welilikleri hakykata öwrüldi. Ajaýyp tehnologiki ösüşler aýry-aýry adamlaryň durmuşynda ýüz beren ýagdaýlaryň öwezini dolup bilmez: ýalňyzlyk, sussupeslik we täze urşuň, rewolýusiýanyň, terrorçylygyň başlamagyndan gorky — bu biynjalyklyk biziň her birimize mahsus. Biziň neslimiz diňe bir Hudaýa ynamyny ýitirmek bilen çäklenmedi. Adama, jemgyýetiň akylly-başly gurluşyna, ýakynlar