"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Se­wa­nyň ke­na­ryn­da (Po­west)

Wahtang ANANÝAN,ermeni ýazyjysy (Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sa­nlaryn­da).

Plutoniýa (Ro­man)

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda). PLUTON SÖNÝÄR

Go oý­nu­nyň us­sa­dy (Ro­man)

Ýasunari KAWABATA, ýapon ýazyjysy (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Şa­di­wa­nyň şug­la­sy

Häzirki döwürde täze tehnikalaryň durmuşymyza ymykly ornaşyp, ulanyşdan galýan köne zatlary hem-de düşünjeleri aňymyzdan we aramyzdan gysyp çykarýandygyna garamazdan, ähmiýetini ýitirmeýän bir täsin gudrat bar: Kitap! Kitap okamagyň peýdasy, ähmiýeti hakynda ir eýýamlardan bäri aýdylyp gelinýän paýhasly sözler, parasatly jümleler, okan badyňa dessine ýüregiňe ornaýan, şähdiňi açýan setirler örän köp. Aslynda, okamakdan maksat durmuşy, ýaşaýşy we tutuş geljegiňi okap bilmeklikdir. Köp okaýan adamlaryň durmuş düşünjeleriniň giň bolýandygy, nirede nähili hereket etmelidigini akylly-başly kesgitläp bilýändigi öwran-öwran nygtalýandyr. Şonuň üçin ata-babalarymyz kitap okamagy ýa-da okap bilmekligi bagtyň çür depesindäki öwüşginleriň birine meňzedipdirler. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr. Paýhaslar – nygmatlar elde däl‑de, aňda göterilýär. Bu saçagyň duzundan dadan her kimse ata-babalaryň arzuwyna, ene-mamalaryň hüwdüsine, aga-inileriň yhlasyna siňen, ömrüň dürli menzillerinde nesil terbiýesine gerekli bolan ähmiýetli maglumatlary okap, öwrenip biler. Ynsanyň bagtyýarlygy diňe ýazgydyna däl-de, oňa siňdirilen terbiýä hem baglydyr» diýip ýazýar.

Kuşeýriniň risalasy

Abdylkerim KUŞEÝRI (Gör­nük­li so­pu­la­ryň hal­la­ry, he­re­ket­le­ri we aý­dan söz­le­ri)

Pentnama

Muhammet Ferideddin ATTAR (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Söz­me-söz ter­ji­me hak­da ha­ly­pa­ly söh­bet­ler

Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başlarydy. Şol döwürde çagalar neşiri bolan «Mydam taýýar» gazeti iki dilde — hem türkmen, hem rus dillerinde çykyp başlady. Has dogrusy, rusçasy türkmençesiniň terjime edilen görnüşiniň nusgasydy. Gazet bilen menem aragatnaşyk saklaýardym. Azyndan bäş-alty hekaýam dagy çykandyr. Hekaýalarymy özüm rusça geçirýärdim. Biz oňa «подстрочный перевод» ýa-da «дословный перевод» — «sözme-söz terjime» diýýärdik. Şol «sözme-söz terjime-de» soňra çeper terjimä geçirilýärdi. Ýöne şol terjimelerime, näme üçindir, üýtgeşik düzedişler girizilip durulmaýardy. Belki, «sözme-söz» diýilýän terjimä-de çynymyz bilen ýapyşýanlygymyzdandyr. Bizde erjellik, hyjuw, joşgun, yhlas... aňryýany bilen ýeterlikdi.

Kä­mil­li­ge ta­rap ýol

Ismet BARUTÇUGIL, türk ýazyjysy Dünýäde adamyň köp bolşy ýaly, ol ýa-da beýleki mesele babatda hem pikir-garaýyşlar-da dürli-dürli. Iş meselesini alyp göreliň, bir işiň başyna barjak bolanymyzda ýaýdanyp durýan wagtymyz bolman duranok. Aýdylyşy ýaly, ynsanyň başarmajak işi ýok, diňe oňa nädogry düşünýän adamlar bar.

Aw­raam Lin­koln

Dmit­riý Oleý­ni­kow,rus ýa­zy­jy­sy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Seň­ri­gi­ňi­zi ýy­gyr­maň-da, gur­ba­ga­ny iýiň!

Braýan Treýsi,kanadaly ýazyjy we psiholog (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Bag­tyň on sy­ry

Adam JEKSON,iňlis ýazyjysy (Bu häzirki döwrüň göçme manyly hekaýasy bolup, ol siziň durmuşyňyzy üýtgetmäge kömek eder)

Ýa­şa­ýyş ýeň­len ýe­riň­den baş­lan­ýar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda). Miraç Çagri Aktaş,türk ýazyjysy

Emeli aň we geljegiň eserleri

Häzirki wagtda emeli aňyň (EA) mümkinçilikleri günsaýyn ösýär. Ylym, lukmançylyk we sport ýaly ugurlarda emeli aňyň kömeginiň zerurdygy hemmeler üçin mälim bolsa gerek. Häzir emeli aň keseliň alamatlaryny ýazsaňyz, aňsatlyk bilen size kesgitleme çykaryp berer. Emeli aň size edebiýat barada özboluşly düzme ýazmaga hem kömek eder. Isleseňiz, size islendik eseri dilden okap berer. Eger türgen bolsaňyz, emeli aňyň kömegi bilen berhiziňizi dykgatly meýilleşdirip bilersiňiz. Soňa galyberse-de, emeli aň siziň şahsy meseleleriňizde hem psiholog bolup berer. Soňky wagtda internet ulgamynda emeli aňyň adam aňy gerek bolan ähli hünärleriň ornuny tutup biljekdigi hakda gürrüňler köpelýär. Ýogsam-da, temasyny salgy berseň, eliňe taýýar ýazgy berýän emeli aňlar ýazyjylaryň, žurnalistleriň hem-de terjimeçileriň ornuny eýeläp bilermi? Eýsem, bu barada dünýä metbugatynda nähili pikir-garaýyşlar öňe sürülýär.

Terjimeler dünýäsi: Ýaş­lar nä­hi­li eserleri oka­ma­gy ha­la­ýar­lar?

Aýjahan ANNABAÝEWA,«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm redaktory:

Üns beriň, bäsleşik!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda yglan eden «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar BER­DI­MU­HA­ME­DOW:

— Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr.

Be­ýik ösüş­le­riň ýur­dy

Halkymyzyň zähmet üstünliklerine beslän ýene bir ýyly taryha öwrülip barýar. Her bir babatda «Ýagşy niýet-ýarym döwlet» diýýän parasatly halkymyzyň 2023-nji ýyly, towşan ýylyny uly arzuw-umytlara besläp garşy alany ýaňy ýaly bolup, ondan bäri kän wagt geçmedik hem bolsa, ýurdumyzda amala aşyrylan ajaýyp işlere, ýetilen sepgitlere ser salanyňda, hakykatdan hem, gysga wagtyň içinde diýseň uly ösüşleriň gazanylandygyny görmek bolýar. Ilki bilen bellemeli zat, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň saýasynda garşylan täze ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda täze ösüşlere, täze ýol-ýörelgelere badalga berilýändigini aňlatdy. Munuň özi dana pederlerimiziň «Uly başlar, kiçi işlär» diýen parasatly ýörelgelerine eýerilip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen binýady tutulan medeni, ykdysady we syýasy özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdiriljekdigine hem-de täze sepgitlere ýetiriljekdigine, ýurdumyzyň täze ösüşlerinde ýaşlara aýratyn ähmiýetli orunlaryň degişlidigine, olaryň gujur-gaýratyna, ylym-bilimine, zehin-başarnygyna uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk etdi. Ata Watanymyzda alnyp barylýan şu günki gyzgalaňly işler, zähmet joşguny ýurdumyzy çalt depginler

Terbiýäniň egsilmez hazynasy

Nesilleriň sazlaşykly ösüşi, milli ruhdaky edep-terbiýesi serhetsiz taryhyň eýesi bolan türkmen halkynyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan mizemez durmuş ýörelgesidir. Şunda ata Watana, ene topraga, il-güne, mukaddes ojaga synmaz wepalylyk ýaly beýik duýgular, lebzi halallyk, ak ýüreklilik, zähmetsöýerlik, ula-kiçä hormat-sarpa ýaly kämillik mekdebinde sünnälenip-taraşlanan, halkymyza mahsus nusgalyk gylyk-häsiýetler naýbaşy orunda goýlupdyr. Bu babatdaky köpasyrlyk tagallalar her bir maşgalanyň agzybirligini, berkligini pugtalandyrýan bolsa, maşgala agzybirligi tutuş jemgyýetiň abadançylygyny üpjün edipdir.  Biziň gymmatyny hiç wagt gaçyrmaýan, her bir ynsanyň tutuş ömrüniň, her bir maşgalanyň gündelik durmuşynyň baş maksady bolup durýan nesil terbiýesi dogrusyndaky meselä ýüzlenmegimiz ýöne ýere däl. Sebäp diýeniňde, nesil terbiýesi ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly hemişe baş orunda durupdyr, ol şeýle bolmagynda hem galýar. Adamzat üçin gymmaty hiç wagt egsilmejek akyl-paýhas mirasyny goýup giden beýik akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň döredijiliginiň içinden hem nesil terbiýesiniň eriş-argaç bolup geçmegem muny doly tassyklaýar. Biziň ünsi çekesimiz gelýän hakykatymyz bolsa, hemişe nowjuwanlygyna galýan bu meseläniň täze taryh

Mag­tym­gu­ly­ we No­wa­ýy­ türk­men-öz­bek dost­lu­gy­nyň ny­şa­ny

Magtymguly — Bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet goşgy bilen gürlän akyldar. Magtymgulynyň söz­leriniň biziň günleri­mize gelip ýetmegi türkmen halkynyň edermenligidir.Çingiz AÝTMATOW Türkmen we özbek halklary dost-doganlyk gatnaşyklary esasynda asyrlaryň dowamynda özleriniň medeniýetini, däplerini hem dillerini baýlaşdyryp, ösdürip, bir derýanyň suwuny içip, agzybir ýaşap gelýärler. Özbegistan hem Türkmenistan döwletleriniň hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hem-de strategik hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga ýokary derejede aýratyn üns berilýändigini belläsim gelýär. Daşkent şäherinde Magtymguly köçesiniň we Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Öz gezeginde Türkmenistanyň gözel paýtagtynyň esasy köçeleriniň birine Alyşir Nowaýynyň ady dakylyp, türkmen bagşy-sazandalarymyzyň repertuarlarynda «Nowaýy» sazy ýaşamagyny dowam edýär, dil we edebiýat ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde Alyşir Nowaýynyň ömri we döredijiligi giňden öwrenilýär. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Alyşir Nowaýynyň ömür-döredijiligi ylmy taýdan öwrenilip, kitaplar neşir edilipdir. Bularyň ählisi özbek-türkmen halklarynyň Gündo

Heýkellere siňen keşp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde dünýä edebiýatynyň taryhyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge giň ýol açyldy. Häzirki wagtda beýik türkmen şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň döredijiligi bilen tanyşmak, olary öwrenmek üçin ençeme ylmy hem döredijilik merkezleri gurlup, bu ugurda guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tejribeli ylmy işgärleri hem uly işleri durmuşa geçirýärler. Şonuň esasynda her bir okyjy türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz goýan görnükli ýazyjylaryň we şahyrlaryň döredijilik mirasy bilen düýpli tanyşmaga mümkinçilik alýar.  Milli miraslarymyzy, edebiýatymyzy, onuň tanymal wekilleriniň döredijiliklerini doly öwrenmek hem-de ony jemgyýetçiligiň dykgatyna ýetirmek üçin uly mümkinçilikler döredilip, ösüp gelýän ýaş nesilleriň halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhyny, müňýyllyklara uzaýan nusgawy däp-dessurlarymyzy öwrenmekleri we mynasyp dowam etdirmekleri ugrunda örän uly işler amala aşyrylýar.