"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

Fran­suz ede­bi­ýa­ty­nyň ýyl­dy­zy

Fransuz edebiýatynyň görnükli zenan ýazyjysy Anna Gawalda 1970-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Parižiň günbatarynda ýerleşýän Bulon-Biýankur kommunasynda eneden bolýar. Entek mekdepde okaýarka ol özüniň dile çeperligi, üýtgeşik beýan etme täri arkaly mugallymlaryny we deň-duşlaryny haýrana goýmagy başarýar. 1992-nji ýylda ol «Iň gowy söýgi hatyny» ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. Soňra ol 1998-nji ýylda «Aristot» nowellasy bilen «Syýadaky gan» bäsleşiginde hem üstünlik gazanýar. Ýene-de birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan Anna Gawalda okyjylaryň göwnünden turmagy başaran eserlerini metbugatda neşir etdirmek kararyna gelýär.

Nao­nyň baş­dan ge­çi­ren­le­ri (Po­west)

DYŇ Ýoumeý,hytaý ýazyjysy (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Ki­çi­jik bi­ke­ler (Ro­man)

Luiza OLKOTT,amerikan ýazyjysy (Do­wa­my. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda)

Ga­ýyp-adam (Hy­ýa­ly ro­man)

Gerbert UELLS,iňlis ýazyjysy Dört ýylda ýazylan dört roman otuz iki ýaşly ýazyja meşhurlyk getirdi.

Aw­raam Lin­koln (Ro­man)

Dmit­riý OLEÝNIKOW,rus ýa­zy­jy­sy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Bag­tyň on sy­ry

Adam JEKSON,iňlis ýazyjysy (So­ňy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen san­la­ryn­da) 

Baý ka­kam, ga­ryp ka­kam

Robert KIÝOSAKI,amerikan ýazyjysy GIRIŞ

Ýa­şa­ýyş ýeň­len ýe­riň­den baş­lan­ýar

Miraç Çagri AKTAŞ,türk ýazyjysy (So­ňy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen san­la­ryn­da). 

Dur­muş gur­maz­dan ozal

Dogan JÜJELOGLY,türk ýazyjysy, psiholog Stambul uniwersitetiniň uçurymy bolandan soňra ABŞ-nyň Illinoýs uniwersitetinde bilim psihologiýasy (seljermek, pikirlenmek we aragatnaşyk) ugry boýunça doktorlyk işini alyp bardy.

Jo­an Rou­lin­giň dö­re­den ja­dy­ly dün­ýä­si

1. Joan Rouling Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde dünýä derejesinde okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan türkmen we daşary ýurtly ýazyjylaryň döredijiligini düýpli öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Edebiýaty okamak we ylmy taýdan derňemek tutuş döwrüň döredijilikli pikirlenişini maksadalaýyk ýüze çykarýan wajyp şertleriň biri hasaplanýar. Bagtyýar zamanamyzda Türkmenistan Watanymyzyň dürli künjeklerinde dünýä ýüzünde meşhurlyk gazanan tanymal ýazyjylaryň döredijiligini okamak, öwrenmek we özleşdirmek üçin welaýat, etrap we şäher kitaphanalary hereket edýär. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň ählitaraplaýyn kämil we ukyp-başarnykly ýaş nesilleri kemala getirmekde alyp barýan irginsiz aladalary ähli halklaryň taryhynda öçmejek yz goýan dünýä edebiýatynyň ägirt uly döredijilik mirasyny çuňňur we düýpli öwrenmäge çäksiz şertleri döredýär.

Ha­lan eser­le­rim, saý­lan setir­le­rim

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň söz-sungat döredijiligine, edebiýata goýýan sarpasy örän beýik. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň pähim-paýhasy bilen döredilen «Dünýä edebiýaty» žurnaly daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistdir pedagog-psihologlaryň, işewür adamlaryň gündelik durmuşymyza hem-de geljegimize oňyn täsir etjek eserlerini türkmen diline terjime edip, okyjylarymyza ýetirmek bilen meşgullanýar. Žurnalymyzyň sahypalarynda berilýän dürli göwrümli we dürli görnüşli eserler hakda okyjylarymyzyň pikirleri bilen ýakyndan tanşyp durýarys. Olaryň berýän bahalary, ýaňzydýan garaýyşlary, bellikleri, maslahatlary žurnalymyzyň indiki sanlarynyň has täsirli çykmagy üçin ähmiýetli bolup durýar. Sözüň ynsan dünýäsine täsiri örän uly. Käteler birje söz ýa-da bir sözlem, bir hekaýat ýa-da bir gürrüň gursagyňy giňeldip, özüňi duýşuňy rahatlandyrýar, üstesine, işjanly ynsana öwürýär, işleriňe bat berip bilýär. Okan zatlaryň mazmuny ýadyňda galýar, täsiri welin bütin ömrüňe ýetýär.

Öwrenmek we öwretmek — ömrüň manysy

Ylym-bilim öwrenmek we öwretmek hemişe-de mertebeli häsiýet hasaplanylýar. «Hemmelerem hemişe okap, öwrenip durmaly, emma bu babatda alym hem-de mugallym has-da köp okamalydyr, köp öwrenmelidir» diýilýär. Şonuň üçin ýurdumyzda neşir edilýän täze kitaplar, çap edilýän gazet-žurnallar bilen birlikde daşary ýurt edebiýatynyň eserlerini hem ürç edip okaýarys. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda pedagogika degişli terjimeler biz — mugallymlar üçin has-da ähmiýetli. Şol ýerde berilýän terjime eserleri arkaly dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, milli ruhumyza laýyk gelýän düşünjeleri gündelik durmuşymyza ornaşdyrmaga çalyşýarys. Žurnalyň sahypalarynda berlen eserleriň birinde Konfusiniň sözleri has-da täsir galdyrdy. Konfusiý şeýle diýipdir:

Ýagşylygyň we ýagtylygyň şuglasy

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Okamak, ýazmak, döretmek — maşgalamyza mahsus häsiýetleriň biri. Bular bize berlen terbiýäniň esasyny düzýän aýratynlyklar. «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýerdiler. Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri biziň üçin ömrümiziň şygary. Bu sözler durmuşymyza many çaýjak işleri ýerine ýetirmäge ruhlandyrýan ganatly jümlelerdir. Ýurdumyzda neşir edilýän kitaplary, gazetdir žurnallary yzygiderli okaýarys. Düşünjelerimizi baýlaşdyrýarys. Özümize çuňňur täsir eden ýerlerini bolsa deň-duşlarymyz bilen paýlaşýarys. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap edilen türkiýeli ýazyjy Hasan Ýylmazyň «Şu kitaby okap görüň, mugallym!» (Türk dilinden terjime eden A.Italmazow) atly eserinde «Goý, şuglaňyz ýaýylsyn!» atly tymsal mende ýiti täsir galdyrdy. Bu tymsal ýagşylyk etmek, özi hem ýönekeý zatlaryň üsti bilen uly ýagşylyklary hem edip bolýandygy hakdaky pikirleri oýardy. Ýagşylyk etmek baradaky öňki düşünjelerimizi has-da berkitdi. Tymsalda şeýle beýan edilýär: — Uzakdaky obalaryň birinde bir ýaş ýigit özüniň çaklaňja söwda d

Aňyňa ýazylan zat...

Affirmasiýalaryň ähmiýeti  Sözüň jadyly güýjüne bolan ynam gadym döwürlerden bäri mälim. Ynsanlar sözüň janly zatdygyny, köp gaýtalanýan sözleriň hasyl bolmak ähtimallygynyň has köpdügini öwran-öwran nygtaýarlar. Dürli durmuş wakalarynyň, rowaýatlaryň üsti bilen düşündirmäge we öwretmäge çalyşýarlar. Özümize gerekli zatlary ýa-da ýagdaýlary sözleriň üsti bilen hasyl etmek düşünjesi häzirki zamanda «affirmasiýa» sözi bilen aňladylýar. Affirmasiýalar gysga söz düzümleri bolup, köp gaýtalamak arkaly gerekli bolan keşbi ýa-da görnüşi adamyň aňynda berkitmekdir. Bu usul biziň halkymyz üçin ir döwürlerden bäri akyl ýetirilen, aýratyn uly üns berlen bir düşünjedir. Çünki Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» atly bölüminde: «Çagalykda öwredilen düşünjeler, edep kadalary, özüňi alyp barmagyň düzgünleri olaryň aňyna ýazylýar. Aňyňa ýazylan zat bolsa alnyňa ýazylan zada eltýär. Hut şu ynanç hem ata-babalarymyzyň edep-terbiýe mekdepleriniň esasy gönezligi bolup hyzmat edipdir» diýip belleýär. Diýmek, aňymyza ýazylan zat alnymyza ýazylan zada eltýär. Hut şonuň üçinem hemişe oňyn pikirlerde bolmak, ýagşy garaýyşlary ýaran edinmek, ýakymly sözleri gaýtalamak şah

Ylym ba­ra­da hem­me za­dy hem­me­ler­den köp bil­ýä­rin!

Fatih DIKMEN,türk ýazyjysy 50 sany gyzykly sowal hem-de jogap!

Hor­mat­ly oky­jy­lar!

2024-nji ýylyň II ýarymy üçin «Dünýä edebiýaty» žurnalyna abuna ýazylyşygy dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatlaryndan ugur alyp işleýän «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy geljekde hem okyjylaryň göwnünden turjak eserleri çap etmegi meýilleşdirýär. Žurnal ussat terjimeçileriň galamynyň astyndan çykan, maşgala gymmatlyklaryna, ýaşlaryň durmuşyna, çaga terbiýesine, pedagogika, psihologiýa, biznese, şahsy kämilliklere we döwrüň beýleki derwaýys ugurlaryna degişli eserleri okyjylara ýetirmegi maksat edinýär. Dünýä edebiýatynyň nusgalyk eserleri bilen ene dilimizde tanyşmagyň iň amatly usuly biziň žurnalymyza abuna ýazylmakdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

— Dünýä içre ýene bir ajaýyp dünýä bar, oňaMagtymguly Pyragynyň dünýäsi diýilýär. Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga,adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»diýilýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl-paýhas taglymatydyr, ylym-bilim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatydyr. ***

Hormatly Prezidentimiziň «ÄNEW — MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» atly kitabyndan:

Adamzadyň ajaýyp geljegini bilelikde gurmak üçin täze-täze pikir-taglymatlary öňe sürmek — biziň döwletimize, Gahryman Arkadagymyza mahsus ýörelge. Ol ata-baba asylly ýolumyzyň döwrebap dowamaty. Çünki ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň, täzeçe pikirleriň muşdagy. Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir. Täze pikirler, täzeçe pikirlenmeler täze gözýetimleri açýar, täze mümkinçilikleri döredýär. Bu babatda döwletimizde uzak geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlardyr pikir-garaýyşlara has uly ähmiýet berilýär. Şonuň üçinem bu toprakda bolýan her bir waka dünýäniň ykbalyna täsirini ýetirip bilýär. Hut şonuň üçinem, Eziz Diýarymyz dünýäniň üns merkezinde — dünýäniň merkezinde! Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri-biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar. Ýaşaýşyň bir täsin hakykaty bar: Gowy zatlaryň gürrüňini etmek hemmelerde gowy täsirleri galdyrýar. Gözel pikirler gözel düşünjeleri oýarýar. Ajaýyp söhbetleri köp diňledigiňçe, diňe ajaýyplyklar bilen gurşalýarsyň. Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň.

Uly paýhasa mynasyp sarpa

Türkmen-özbek dostlugy öz köklerini taryhyň gatlaryndan alyp gaýdýar. iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklar hem gadym döwürlerden bäri dowamly ösdürilip, kämilleşdirilip gelinýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň özbek halkynyň bagşylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi, dessançylyk däbine eýerilip, biziň halk dessanlarymyzyň olarda ýaňlandyrylmagy, Köneürgenç döwletiniň beýik şasy, XIII asyrda ady äleme dolan Jelaleddin soltanyň heýkeliniň Özbegistan döwletinde dikilmegi, Buharadaky medreselerde nusgawy şahyrlarymyzyň sowat almagy, bularyň ählisi doganlyk halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň öňden bäri saklanyp gelinýändiginiň taryhy subutnamasydyr. Özbegistan Respublikasynyň ilçihanasynda türkmen-özbek dostlugynyň pugtalanýandygyna we şahyr Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 583 ýyllygyna bagyşlanyp, ýörite brifing-maslahat geçirildi. Onda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň netijeliligi barada gürrüň berdi. Brifing-maslahata ýurdumyzyň gazet-žurnallaryndan, habarlar we täzelikler web-saýtlaryndan žurnalistler, fotohabarçylar we beýleki degişli wekiller gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda iki halkyň arasynda soňky ýyllarda alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklar dogrusy

«Mag­tym­gu­ly, öwüt ber­gil söz bi­le...»

«Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyr, il-halkyna bolan soňsuz söýgini kalbynda göteren Magtymguly atamyzyň şanyna döredijilik duşuşyklarydyr ylmy-amaly maslahatlar dowamly geçirilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň guramagynda «Magtymguly, öwüt bergil söz bile...» diýen at bilen geçirilen döredijilik duşuşygy hem muňa mysaldyr. duşuşyk özboluşly röwüşde bolup, çärä gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Döredijilik duşuşygy turuwbaşdan ruhubelent häsiýete eýe boldy. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny, ömrüni we döredijiligini öwrenmekde, akyldar şahyrymyzyň şygryýet ussatlygyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bimöçber uly işleriniň ähmiýeti, çuňňur many-mazmuny hakynda pikir alşyldy.