Fransuz edebiýatynyň görnükli zenan ýazyjysy Anna Gawalda 1970-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Parižiň günbatarynda ýerleşýän Bulon-Biýankur kommunasynda eneden bolýar. Entek mekdepde okaýarka ol özüniň dile çeperligi, üýtgeşik beýan etme täri arkaly mugallymlaryny we deň-duşlaryny haýrana goýmagy başarýar.
1992-nji ýylda ol «Iň gowy söýgi hatyny» ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. Soňra ol 1998-nji ýylda «Aristot» nowellasy bilen «Syýadaky gan» bäsleşiginde hem üstünlik gazanýar. Ýene-de birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan Anna Gawalda okyjylaryň göwnünden turmagy başaran eserlerini metbugatda neşir etdirmek kararyna gelýär.