Türkmen-özbek dostlugy öz köklerini taryhyň gatlaryndan alyp gaýdýar. iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklar hem gadym döwürlerden bäri dowamly ösdürilip, kämilleşdirilip gelinýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň özbek halkynyň bagşylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi, dessançylyk däbine eýerilip, biziň halk dessanlarymyzyň olarda ýaňlandyrylmagy, Köneürgenç döwletiniň beýik şasy, XIII asyrda ady äleme dolan Jelaleddin soltanyň heýkeliniň Özbegistan döwletinde dikilmegi, Buharadaky medreselerde nusgawy şahyrlarymyzyň sowat almagy, bularyň ählisi doganlyk halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň öňden bäri saklanyp gelinýändiginiň taryhy subutnamasydyr.
Özbegistan Respublikasynyň ilçihanasynda türkmen-özbek dostlugynyň pugtalanýandygyna we şahyr Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 583 ýyllygyna bagyşlanyp, ýörite brifing-maslahat geçirildi. Onda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň netijeliligi barada gürrüň berdi. Brifing-maslahata ýurdumyzyň gazet-žurnallaryndan, habarlar we täzelikler web-saýtlaryndan žurnalistler, fotohabarçylar we beýleki degişli wekiller gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda iki halkyň arasynda soňky ýyllarda alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklar dogrusynda, Aşgabatda ýerleşýän «Daşkent» seýilgähi we edil şonuň ýaly-da Daşkent şäherinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi hakynda aýratyn bellediler. Aşgabadyň merkezi künjegini bezäp oturan «Ylham» seýilgähinde şahyr Alyşir Nowaýynyň heýkeliniňem bardygyny uly buýsanç bilen ýatladylar. Döredijiligine iki halkyňam uly sarpa goýýandygy, bu ýyl bolsa şahyryň 583 ýyllyk ýubileýiniň uly dabara bilen belleniljekdigi aýdyldy. Akyldar şahyryň Gündogar edebiýatynda bitiren işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.