Daýym dessan bolar älemde adyň...
Türkmen-özbekedebi gatnaşyklaryndaMagtymgulynyň poeziýasynyň orny Soňky ýyllarda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda edebiýat, medeniýet we sungat babatynda özara dostana gatnaşyklar ýokary derejä göterilýär. Özbegistanda ussat şahyr Magtymgulynyň beýikligini ebedileşdirmek, şahyryň edebi mirasyny okyjylar köpçüligine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň asylly jogaby hökmünde Türkmenistanda hem özbek edebiýatynyň görnükli şahyrlarynyň edebi mirasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu diňe özbek we türkmen edebiýatyny birek-birege ýakynlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halklarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn amala aşyrylýan özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar.