Ede­biň dür­dä­ne­le­ri

26 Aprel 2024
588

Abulhasan MAWERDI

Abulhasan Mawerdiniň «Al-Bugýatul-ulýa fi edebid-din wed-dünýä» («Edebiň beýik maksatlary») atly eseri gündogar medeniýetiniň ahlak hem-de edep kadalarynyň köp taraplaryny özünde jemleýän ajaýyp hazyna bolup durýar. Ynsan terbiýesine hem-de durmuşyň dürli meselelerine bagyşlanan bu kitap gymmatly pikirleri we öwüt-ündewleri babatda biziň döwrümizde hem öz ähmiýetini ýitirenok. «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň öňki sanlarynyň birinde (№1.2022) bu kitabyň «Ylmyň edebi» babyndan bir parçany okyjylara hödürläpdik. Bu ajaýyp kitabyň dostluk hakyndaky pähimleriniň hem okyjylarymyzyň göwünlerinden turjakdygyna hem-de durmuş meselelerinde olara dogry ýoly salgy berjekdigine ynanýarys.

Arap dilinden terjime eden Janmyrat BEKIÝEW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri