Gadym-gadym zamanlarda Dohwa-doň atly şäheriň eteginde ýerleşýän obalaryň birinde Şimleriň neslinden bolan bir hyzmatkär ýaşaýar eken. Il arasynda ol «hyzmatkär Şim» diýlip tanalýar eken. Şim garyp maşgalada dünýä inip, ýaşlygynda gaty agyr günleri başdan geçiripdir. Hossarlaryny ir ýitiripdir. Onuň aýalyndan başga hiç hili dogan-garyndaşy, hossary ýok eken. Wagt geçýär, şonda-da hyzmatkär durmuşyň başyna salan agyr günlerinden rüstem gelýär. Oňa öz söýen gyzy bilen durmuş gurmak bagty miýesser edýär. Onuň aýaly Kwak asylly, paýhasly, sypaýy, myhmansöýer aýaldy, däp-dessurlardyr öý-hojalyk işlerini ondan gowy bilýän zenan tutuş obada ýokdy. Şeýle-de bolsa, maşgala garyp bolansoň, Kwak goňşularynyň egin-eşiklerini tikmek, ýuwup arassalamak, toý-tomaşalarda gap-gaç ýuwup, nahar bişirmek bilen gün-güzeran görýärdi. Hyzmatkär Şim bolsa orta ýaşlara ýetende görmekden galýar. Bu maşgalanyň bir gaýgy-aladasy bardy. Orta ýaşlaryna ýetseler-de, heniz çagalary ýokdy. Onsoň bahar günleriniň birinde Kwak täsin düýş gördi. Onuň düýşüne açyk hem arassa asmanyň ýüzünde bäş dürli reňkde açylyp duran bulut gülleri girdi. Şol gülleriň arasyndan bir peri-peýker çykyp, aşak indi. Periniň elinde bir şaha bardy. Ol ony getirip Kwakyň öňündäki ýumşak topraga sançdy. Soňra peri yzyna öwrülip, asmana çykdy we gözden gaýyp boldy. Kwak bu düýşi nämä ýorjagyny bilmedi, emma bu düýşden soňra ol hamyla bolýar.
Gün aýlanyp, aýlar geçdi, şeýdip bularyň bir ajaýyp gyz perzendi dünýä indi. Olar öz çagalaryna Çoň diýip at dakdylar. Hyzmatkär Şim we aýaly Kwak gyz perzentleriniň dünýä inenine diýseň begendiler, emma olaryň şatlygy uzak dowam etmedi. Kwak kesele uçrap, ýurduny täzeledi. Hyzmatkär Şim suw ýaly çagasynyň enesinden jyda düşenine örän hapa boldy, hatda iýip-içmeden hem kesildi. Ýöne perzendi Şim Çoň ony ýaşaýşa umytlandyrýardy. Indi Şimiň kellesinde çagany nädip kemala getirmeli diýen sowal at salýardy. Eýýäm ençe gün bäri kiçijik Çoň ene süýdüni emmeýärdi. Onsoň Şim enesini ýitiren eziz perzendini eline alyp, ýaş çagaly goňşularynyň öýlerine aýlanyp, kömek sorap başlady. Obanyň aýallary Şimiň ýagdaýyna düşünýärdiler, şonuň üçin oňa biçak gynanyp, çagany emdirýärdiler.