Hytaý Halk Respublikasynda «Mahetumukuli Fulaji» ady bilen tanalýan beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragy hytaý halkynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Hytaý halkyna beýik akyldaryň şygyrlaryny ilkinji bolup ýetiren alym Minawar Habibulladyr. Asly uýgur bolan hytaý alymy Pyragynyň goşgularyny ylmy taýdan öwrenip, olary hytaý diline terjime edipdir...
Alym Minawar Habibulla türkmen dilini öwrenmek maksady bilen 1997-nji ýylda Türkmenistana gelýär we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine türkmen dili dersleriniň diňleýjisi hökmünde kabul edilýär. Hytaý alymy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen ilkinji gezek uniwersitetde tanşyp, jadyly setirleri hytaý diline terjime etmegi ýüregine düwýär. 1998-nji ýylda Minawar Habibulla Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okap ýörkä, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmenleri bilen bile işleşip, Pyragynyň XVIII asyra degişli golýazmalaryndan ençeme şygyrlaryny hytaý diline ussatlarça terjime etdi. 2000-nji ýylda bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde ilkinji gezek beýik söz ussadynyň goşgular ýygyndysy hytaý dilinde neşir edildi.