Ýa­pon di­li­niň we ýa­zu­wy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry

26 Aprel 2024
1117

Ýer togalagynda näçe halk bar bolsa, şonça-da dil bardyr, emma olaryň ulanylyş derejesi birmeňzeş däldir. Dilleriň bir topary köp sanly adamlar tarapyndan işjeň ulanylsa, başga bir toparyny az sanly adamlar ulanýar. Diller adamlaryň özara aragatnaşygynyň möhüm serişdesidir.

Ýapon dili hem dünýäde köp ulanylýan dilleriň biridir. Ylmy maglumatlara görä, dünýäniň diňe bir ýurdunda ulanylýan bu dilde 125 000 000-a golaý adam gepleýär. Ýaponlaryň sözlük gorunda hytaý dilinden geçen sözler köpdür. Ýapon dili owazly dil hasaplanylýar. Ýazuwy garyşyk häsiýetlidir. Bu dilde hem Hytaý ýazuw belgileri — ieroglifler sözleri aňlatmak üçin ulanylýar.

Mukam ATAÝEW,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 140-njy or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy