Ylym-bilim öwrenmek we öwretmek hemişe-de mertebeli häsiýet hasaplanylýar. «Hemmelerem hemişe okap, öwrenip durmaly, emma bu babatda alym hem-de mugallym has-da köp okamalydyr, köp öwrenmelidir» diýilýär. Şonuň üçin ýurdumyzda neşir edilýän täze kitaplar, çap edilýän gazet-žurnallar bilen birlikde daşary ýurt edebiýatynyň eserlerini hem ürç edip okaýarys. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda pedagogika degişli terjimeler biz — mugallymlar üçin has-da ähmiýetli. Şol ýerde berilýän terjime eserleri arkaly dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, milli ruhumyza laýyk gelýän düşünjeleri gündelik durmuşymyza ornaşdyrmaga çalyşýarys. Žurnalyň sahypalarynda berlen eserleriň birinde Konfusiniň sözleri has-da täsir galdyrdy.
Konfusiý şeýle diýipdir: