Ýagşylygyň we ýagtylygyň şuglasy

21 Iýun 2024
448

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Okamak, ýazmak, döretmek — maşgalamyza mahsus häsiýetleriň biri. Bular bize berlen terbiýäniň esasyny düzýän aýratynlyklar. «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýerdiler. Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri biziň üçin ömrümiziň şygary. Bu sözler durmuşymyza many çaýjak işleri ýerine ýetirmäge ruhlandyrýan ganatly jümlelerdir. Ýurdumyzda neşir edilýän kitaplary, gazetdir žurnallary yzygiderli okaýarys. Düşünjelerimizi baýlaşdyrýarys. Özümize çuňňur täsir eden ýerlerini bolsa deň-duşlarymyz bilen paýlaşýarys. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap edilen türkiýeli ýazyjy Hasan Ýylmazyň «Şu kitaby okap görüň, mugallym!» (Türk dilinden terjime eden A.Italmazow) atly eserinde «Goý, şuglaňyz ýaýylsyn!» atly tymsal mende ýiti täsir galdyrdy. Bu tymsal ýagşylyk etmek, özi hem ýönekeý zatlaryň üsti bilen uly ýagşylyklary hem edip bolýandygy hakdaky pikirleri oýardy. Ýagşylyk etmek baradaky öňki düşünjelerimizi has-da berkitdi. Tymsalda şeýle beýan edilýär:

— Uzakdaky obalaryň birinde bir ýaş ýigit özüniň çaklaňja söwda dükanyny açdy. Ol söwdada hiç kimiň gözüni boýajak bolmazdy, adamlar bilen hem hoşgylawdy. Şonuň üçin hem ony hemmeler söýýärdi. Şeýle bolansoň, töwerekdäkileriň ählisi söwdasyny şondan edenini kem görenokdy, hatda ony tanyş-bilişlerine-de salgy berýärdiler. Şeýde-şeýde ýaş söwdagäriň işleri şeýle bir şowlady welin, bary-ýogy bir ýylda Amerikanyň ol ujuna çenli uzan zynjyryň eýesi boldy oturyberdi. Ýöne günlerde bir gün bir dert tapyndy-da, işi ýaňy şowlap başlan söwdagär hassahana düşäýdi. Beterinden-beteri bar, lukmanlaram onuň ömrüniň az galandygyny aýdýarmyşlar.

Maral BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ykdysady informatika hünäriniň 5-nji ýyl talyby