«Mag­tym­gu­ly, öwüt ber­gil söz bi­le...»

26 Aprel 2024
575

«Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyr, il-halkyna bolan soňsuz söýgini kalbynda göteren Magtymguly atamyzyň şanyna döredijilik duşuşyklarydyr ylmy-amaly maslahatlar dowamly geçirilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň guramagynda «Magtymguly, öwüt bergil söz bile...» diýen at bilen geçirilen döredijilik duşuşygy hem muňa mysaldyr.

duşuşyk özboluşly röwüşde bolup, çärä gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Döredijilik duşuşygy turuwbaşdan ruhubelent häsiýete eýe boldy. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny, ömrüni we döredijiligini öwrenmekde, akyldar şahyrymyzyň şygryýet ussatlygyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bimöçber uly işleriniň ähmiýeti, çuňňur many-mazmuny hakynda pikir alşyldy.

«Dünýä edebiýaty»