Halkymyzyň zähmet üstünliklerine beslän ýene bir ýyly taryha öwrülip barýar. Her bir babatda «Ýagşy niýet-ýarym döwlet» diýýän parasatly halkymyzyň 2023-nji ýyly, towşan ýylyny uly arzuw-umytlara besläp garşy alany ýaňy ýaly bolup, ondan bäri kän wagt geçmedik hem bolsa, ýurdumyzda amala aşyrylan ajaýyp işlere, ýetilen sepgitlere ser salanyňda, hakykatdan hem, gysga wagtyň içinde diýseň uly ösüşleriň gazanylandygyny görmek bolýar. Ilki bilen bellemeli zat, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň saýasynda garşylan täze ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda täze ösüşlere, täze ýol-ýörelgelere badalga berilýändigini aňlatdy. Munuň özi dana pederlerimiziň «Uly başlar, kiçi işlär» diýen parasatly ýörelgelerine eýerilip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen binýady tutulan medeni, ykdysady we syýasy özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdiriljekdigine hem-de täze sepgitlere ýetiriljekdigine, ýurdumyzyň täze ösüşlerinde ýaşlara aýratyn ähmiýetli orunlaryň degişlidigine, olaryň gujur-gaýratyna, ylym-bilimine, zehin-başarnygyna uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk etdi.
Ata Watanymyzda alnyp barylýan şu günki gyzgalaňly işler, zähmet joşguny ýurdumyzy çalt depginler bilen ösdürmegiň esasy ugurlarynyň saýlanylyp alnandygyny, şol ugurlar boýunça milli maksatnamalaryň, meýilnamalaryň we öňe sürlen konsepsiýalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini hem-de öňde durýan esasy wezipeleriň aýdyň kesgitlenendigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, halkymyzyň abadan, asuda durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan asylly işleriniň netijesinde ýurdumyzda gysga döwürde asyrlara barabar ösüşdir özgertmeler amala aşyrylyp, ykdysady babatda garaşsyzlygymyzy doly kepillendirýän ägirt uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde iň bir öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp gurulýan zawod-fabrikler, ykdysady ähmiýetli desgalar ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmaga tarap barha ilerleýänligine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi halkymyzyň medeni derejesini, jemgyýetçilik aňyny ýokarlandyrmagyň, medeni mirasyň esasynda milli gymmatlyklary kemala getirmegiň hem-de ösdürmegiň ykdysady ösüşlerimiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtaýan Milli Liderimiziň pähim-parasady, «Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň ähli ugurda işleriň döwrebap ülňülere laýyklykda düýpli ösdürilmegini berk üns merkezinde saklamagy netijesinde hasyl bolýar.