"Dünýä edebiýaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 39-96-19, 39-96-14, 39-96-22
Email: dunyaedebiyaty@sanly.tm

Makalalar

He­niz sa­da­lyk­dan zy­ýan çe­ken ýok

Kimdir biri ýa-da nämedir bir zat hakda ýazmak isleseň, şoňa tarap itergi gerek. «Itergi» diýilýänem dürli görnüşde bolup biler. Duýgam şoňa girýär. Tiz oýanýan duýgularam bar, uzak ýyllaryň dowamynda kalbyň töründe busulyp, saý-sebäp bilen birden zompa çykýan duýgularam bar. Şonda şol pikiriň şunça wagtlap dömüp bilmän gert baglap gidişine haýran galýarsyň. Öz ýanyňdan muňa geleň etmändigiňe ökünýärsiň. Şu makalanyň döremegine-de ýönekeýje bir zat sebäp boldy. 2021-nji ýylyň tomus aýlarynda şahyr Hajy Kakalyýew kitabyny sowgat beripdi. Daşy galyň sahaply, üýtgeşik ak kagyzda çap edilen «Родина — счастье моё» («Watanym — bagtym meniň») atly kitap. Goşgular hem terjime goşgular ýygyndysy.

Pe­leň, Ja­dy­göý we ge­ýim yş­ga­by

Klaýw Steýplz LÝUIS,britaniýaly ýazyjy  (Do­wa­my. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen san­la­ryn­da).

Ba­let köw­şi (Ro­man)

No­el Strit­fild,iň­lis ýa­zy­jy­sy Rodeziýalylar maşgalasynyň üçünji neslinden bolan Jeremi,Brijet we Endrýu Bruga bagyşlaýaryn.Gadyrdanlarym!Men Rodeziýada enemiň eýwanynda oturan çagym bolup geçen ýer titremesinden soň, onuň nähili aýylganç zatdygyna düşündim.Şonuň üçinem bu kitaby, ilki bilen, size degişli hasaplaýaryn.

Kör­pe­je lord Faunt­le­roý (Ro­man)

Frensis Hodgson BERNETTiňlis-amerikan ýazyjysy Sekizinji bap.

Ki­çi­jik Ni­ko­la (He­ka­ýa­lar top­lu­my)

Re­ne GOS­SI­NI,Žan Žak SEM­PE Reks

Me­niň söý­gü­li pyr­ty­kal aga­jym (Ro­man)

Jo­ze Mau­ru de WASKONSELUS,braziliýaly ýazyjy (Bir og­lan­jy­gyň baş­dan ge­çi­ren­le­ri)

Ylham çeşmesiniň çaýlary

Ylhamy möwçli, gursagy zehinli ýaşlar, hakykatdanam, türkmen söz sungatynyň geljeginiň güwäçileri. Olaryň zehinleriniň pajarlap açylmagy ugrunda aladalanmak bolsa döwlet syýasatynyň möhüm ýörelgeleriniň biri. "Hawa, hawa, biziň söhbedini etmekçi bolýan ýaş zehin gunçalarymyz entek döredijiligiň syrly dünýäsiniň bosagasynda duran ýaşlar. şonuň üçinem, ylham bir çeşme bolsa, olar şol çeşmäniň çaýlarydyr.

Siziň hyzmatkäriňiz muny bilýär... (Wýetnam halk ertekisi)

Bir gezek agşamaralar hormatly ýaşulularyň dördüsi özaralarynda gürrüň edip otyrdylar. Pyýala yzyna pyýala çaýy jyňkydýan gojalar biri-birleriniň göwnüni alys ülkeleriň geň gürrüňleri bilen açmak isleýärdiler. Birinji goja:

Dur­na­nyň min­net­dar­ly­gy (Ýa­pon halk er­te­ki­si)

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda Ýosaku atly ýaş ýigit bolupdyr. Ýosaku ýeke ýaşapdyr. Onuň ene-atasy ir aradan çykypdyr. Onuň dogan-garyndaşy hem bolmandyr. Ol her gün ir bilen ekin meýdanyna gidip, bugdaý eker eken. Gijagşama çenli işlär eken. Şeýle-de bolsa, durmuşy ýeňilleşip gidibermändir. Günlerde bir gün, tebigatyň owadan sargylt reňke bürenen wagty Ýosaku ekin meýdanynda işläp ýörkä asmana bakyp:

Çuň­luk­da (Hekaýa)

Gerbert UELLS,iňlis ýazyjysy Leýtenant polat şaryň öňünde agzyndaky çöpjagazy çeýnäp durşuna:

Düýş bi­len hu­şuň ara­syn­da (Es­se)

LIN Tsiň Süän,hytaý ýazyjysy Men sagat satylýan dükana baranymda, satyjy «ýaltalaryň sagadyny» almagy maslahat berdi.

Hünär (Hekaýa)

Abdulhaý NASYR,özbek ýazyjysy Ýazky dynç alşa çykypdym. Öýde oturmakdan ýaňa içim gysýanlygy sebäpli, dostum Rahymlaryň öýüne barardym. Günleriň birinde olara bardym hemem Halyma ejäni görüp, salamälik soraşyp, ondan dostum Rahymy soranymda:

To­ni­niň ar­zu­wy (He­ka­ýa)

Ken DERBI,iňlis ýazyjysy Iki hepde geçse-de, üýtgän zat bolmady — jenap Go mugallymçylygyny taşlamady, hanym Hernandes 911 telefon belgisini ulanmady, Dewid Lettermen bolsa Tonä jaň etmedi. Asudalykdy... ýöne bu ýagdaý öý haýwanlarynyň hepdeligi başlaýança dowam etdi.

Rumynyň bossany

Möwlana Jelaletdin Rumy türkmen halkynyň, tutuş türki dünýäniň we yslam äleminiň, külli adamzadyň akyldar şahyrydyr, beýik alymydyr. Jelaletdin Rumynyň mundan tas müň ýyl çemesi ozal, seljuk türkmenleriniň köşkleri Zemine ýaraşyk, asmana yşyk berýän wagtynda milletiň ýeten belentliginiň güwäsi bolup dörän eserleri şonça wagt bäri adamzada hyzmat edip gelýär. Ajaýyp pikir-pelsepe eýesi, ylahy yşk we gözellik lirikasynyň ussady, beỳik akyldar Jelaletdin Rumynyň dürdäne setirlerinden «Dünýä edebiýatynyň» okyjylaryna ýetirýäris.

Ko­reý şyg­ry­ýe­tin­den dür­dä­ne­ler

Çon Çhol (1536 — 1594)

Ru­hy päk­dir, nu­ra do­ýan me­ňiz­dir...

Zelimhan Ýakup, Azerbaýjanyň halk şahyry Dinimiň ady söýgi

Ala köý­nek­li gyz (He­ka­ýa)

JAU Tiňçuan, hytaý ýazyjysy Ýokary okuw jaýlaryň birini üstünlikli tamamlan Siaowaň laýykatly işiň gözlegindedi. Günleriň bir güni daýzasy jaň edip: «Çaltrak öýe gel!» diýdi-de, sen-men ýok telefony öçürip goýberdi. Daşary ýurt şereketleriniň birinde işleýän daýzasy diýseň zähmetkeş zenandy.

Ýe­ser­je Zu­rab (He­ka­ýa)

Nodar KEKELIDZE, gruzin ýazyjysy Lekso daýy ganygyzgyn halda bir zatlar hüňürdäp, çarşagyny ýere sünçdi we haýadyň ýakynyna barybam:

Ça­pyk­su­war og­lan (He­ka­ýa)

Dukenbaý DOSJANOW,gyrgyz ýazyjysy Çapyň! — diýen gaty ses ýaňlandy.

Ýa­şa­ýyş — şol pur­sat­lar­ (He­ka­ýa)

Abbas Egbal AŞTIÝANY,pars ýazyjysy Ýaşaýyş — bu günleriň, aýlaryň, ýyllaryň toplumy bolup, olar örän çalt geçýär, hiç wagt yzyna dolanmaýar. Wagt — tylladyr, «Wagtyň bar, nagtyň bar» diýýärler. Sebäbi wagty sarp edip, bolçulyga — altyn-kümşe ýetip bileris, emma ýitirilen minutlary yzyna gyzyl pul bilenem satyn alyp bilmeris. Göýä, bu durmuşda asyrlarboýy ýaşajak ýaly, köpler wagtyny bihuda geçirýär. Eger olaryň puly azalsa, ýürekleri agyrýar. Olar dünýäniň gözlegini agtarýarlar, emma hiç wagt ýitirilen wagt hakynda alada etmeýärler.