Tozgajyk (Hekaýa)
Hiromi ZEID, ýapon ýazyjysy Çika sekiz ýaşyndady, ol bu ýazda ikinji synpa gitmelidi. Bir gün sapaklaryndan soň, gyzjagaz ýeke özi öýüne ýöräp barýardy. Ol ýoluň gyrasynda gülläp oturan sary tozgalary synlap barşyna «Gör nähili mylaýym hem ajaýyp gün» diýip içini gepletdi. Birdenkä sary tozgajyklaryň içindäki kagyz guta Çikanyň gözi düşdi. «Bu näme?». Ýakyn baryp seretse, gutynyň içinde kiçijik güjük bar eken. «Wah, wah, bujagazy taşlapdyrlar» diýip, Çika ony sypalamaga durdy. Güjüjegiň arkasy açyk çal bolup, gözleriniň daşy ak meneklijedi. «Bu örän gowuja güjük. Ýöne biz ony jaýymyzyň ýaşaýyş şertnamasyna baglylykda öýümizde saklap bilmeris». Çika şunça pikirlense-de, çykalga tapmady, soňra ol güjüjegi taşlap gitmäge dözmän, ony guta salyp, öýüne tarap ugrady.