Ylýas (He­ka­ýa)

31 Mart 2023
617

Lew TOLSTOÝ,
rus ýazyjysy

Ufim gu­ber­ni­ýa­syn­da Yl­ýas at­ly bir baş­gyrt bar­dy. Ka­ka­sy ony öýe­ren­den soň, azow­lak do­war he­mem gara mal gal­dyr­dyda, dün­ýä­si­ni tä­ze­le­di. Şol wagt­lar Yl­ýa­syň ga­py­syn­da ýe­di sa­ny baý­ta­ly, iki syg­ry he­mem ýig­ri­mä go­laý goý­ny bar­dy. Ýö­ne Yl­ýas baý­ly­ga ym­ty­lyp, ir er­tir­den gi­jag­şa­ma çen­li zäh­met çek­di, äh­li ki­şi­den ir tu­rup, hem­me­den soň ýat­dy he­mem ýylýyl­dan ba­ýa­mak bi­len bol­dy. Yl­ýas şu­nuň ýa­ly dur­muş­da otuz bäş ýyl ýa­şap, sü­risü­ri ma­la eýe bol­dy, ul­la­kan mülk edin­di.

Ter­ji­me eden R. GUR­BAN­NE­PE­SOW