HABARLAR

Medeni mirasymyz — milli mertebämiz

Umumadamzat medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly hem-de gaýtalanmajak maddy-ruhy gymmatlyklary egsilmez hazynadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, “Türkmen halky beýik sungaty, ägirt uly edebi, medeni mirasy döredip bilen halkdyr”. Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimizdir asylly däp-dessurlarymyz döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez gymmatlykdyr. Şeýle-de halkymyzyň çäksiz we düýpsüz döredijilik ummany ata Watanymyza, merdana halkymyza wepaly, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde hem gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak görelde mekdebidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda asyrlar aşyp gelen milli gymmatlyklarymyzy we nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijilik mirasyny dünýä ýaýmak, wagyz etmek, olary geljekki nesillere ýetirmek boýunça tutumly işler geçirilýär. Muňa doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede dabaralanýan dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy buýsançly subutnama bolup dünýä dolýar. Bu işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Ga

Bagşyly halk — bagtly halk

Aýdym-saz diýlende, aslyny alyslardan alyp gaýdýan, halypadan şägirde, nesilden-nesle geçip, şu günlerimize gelip ýeten jadyly sungat göz öňüňde janlanýar. Şol sungat hem irginsiz zähmeti, yhlas-başarnygy, çäksiz söýgini talap edýär. «Bagşyly halk — bagtly halk» diýen aýtgyny ýörelge edinýän halkymyzda milli aýdym-saz sungatynyň taryhy ösüşiň şöhratly ýoluny geçdi. Halk bagşylarynyň we sazandalarynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan sungaty kämilligiň ýokary derejesine ýetdi. Munuň üçin aýdym-saz ägirtleri ýaşlaryň bu ugurda orunlaryny tapmaklary üçin yhlas etdiler, mynasyp goşantlaryny goşdular. Ajaýyp zamanada aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde çagalar sungat mekdepleri, ýörite sungat mekdepleri açyldy. Şol mekdeplerde hem ýaş nesiller aýdym-saz sungatynyň ilkinji basgançaklaryny geçýärler, bilim alýarlar, hünär öwrenýärler. Biziň welaýat ýörite sungat mekdebimizde okaýan talyp ýaşlarymyz hem bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Olar aýdym-sazyň inçe tilsimlerini ökdelik bilen ele alýarlar. Häzirki wagtda talyplarymyz özbaşdak aýdym aýdyp, saz çalyp, baýramçylyk çärelerinde yzygiderli çykyş edýärler. Halypa-şägirtlik ýoluna eýerýän bagtyýar talyplarymyz Gahryman Arkadagymyz

Sungata höwesli ýaşlar

Ýaşlara Watanyň daýanjy hökmünde mynasyp baha berýän hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesindäki aladalary netijesinde  ýaş nesliň döredijilik babatdaky zehin-ukybyny ýüze çykarmakda, ösdürmekde ýetilýän sepgitler bellenilmäge mynasypdyr. Medeniýete, sungata höwesi bilen tapawutlanýan ýaşlarymyzyň hatarynyň yzygiderli artmagy aýratyn guwandyryjydyr. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, kämilleşdirmekde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan tutumlary üstünlikli dowam etdirýändigini tassyklaýar. Milli Liderimiz medeniýeti halkyň kalbyna deňeýär. Sebäbi medeniýetimizde we sungatymyzda ajaýyp zamanamyzyň ösüşi aýdyň şöhlelenýär. Onda halkymyzyň ähli üstünliklerimize bolan egsilmez söýgüsi, çäksiz buýsanjy mynasyp beýanyny tapýar. Şol söýgi-buýsançda zehinli ýaşlarymyzyň joşgunly sesleriniň belentden ýaňlanmagy täze taryhy eýýamyň gazanan uly üstünlikleriniň biridir. Geljege nusgalyk şeýle üstünlikleriň sakasynda duran Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Edepli ile ýarar

Şeýle at bilen Gyzylarbat etrap häkimliginiň, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň kämil bilim almaklary, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde edep-terbiýeli, Watana wepaly, zähmetsöýer, sagdyn ýaş nesliň kemala gelýändigi hasam buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly kitaplary nesil terbiýesinde gymmatly gollanmadyr. Çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, ýaş nesliň ýagty geljegi ugrunda uly aladalaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Akyldar şahyryň belent hormaty

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň ajaýyp tebigatyny, sähralaryny, watansöýüjiligi, birek-birege hormat-sarpany, söýgini, durmuş gözelligini , türkmen halkynyň sazlaşykly, parahat, abadan durmuşyny, özygtyýarlylygy ajaýyp goşgularynda çeper beýan edipdir. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň ady dünýä doldy. Dana Pyragynyň ajap eserleri dünýä halklarynyň dürli dillerinde neşir edilýär. Akyldar şahyryň şygyrlary Firdöwsi, Dehlewi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy ýaly dünýä belli beýik alymlaryň we akyldarlaryň eserleriniň arasynda aýratyn orna mynasypdyr. Olaryň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyny döretdi. Dana Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler, mugallymlar, ýaş nesiller, mahlasy, hemmeler üçin nusgalyk mekdepdir.

«Magtymguly» diýip adym tutsalar

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde beýik akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns gönükdirildi. Şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk, bir döwletlilik, bir başa gulluk etmek ýaly ýörelgeleri türkmen halky üçin şu gün hem örän gymmatly bolmagynda galýar. Magtymguly atamyzyň halky agzybirlige çagyrýan şygyrlarynda diňe bir ykdysady birligiň, güýç-kuwwatyň däl, eýsem köňülleriň, ýürekleriň bir bolmagyna üns çekilýär. Şahyryň: Göwünler, ýürekler, bir bolup başlar,Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,Göteriler, ol ykbaly türkmeniň.

Änew sardobasy

2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheri köp müňýyllyk taryhly medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Gadymy şäher tutuş sebitde ekerançylyk, gadymy suw desgalary, maldarçylyk, binagärçilik medeniýetiniň dörän, tutuş sebitiň siwilizasiýa merkezi hökmünde şöhratlanýar. Watanymyzyň çar ýanyny gurşap alýan taryhy-medeni ýadygärlikleriň goýnunda şöhratly taryhymyzyň täsin wakalary, olaryň binagärliginde bolsa pederlerimiziň yhlas-zehininiň, döredijilik gözlegleriniň netijesi bolan baý tejribeleri jemlenýär. Şu jähtden, beýik pikir-garaýyşlar siňdirilen her bir taryhy ähmiýetli binagärlik ýa-da gadymy desga biziň şanly geçmişimize, watansöýüji ata-babalarymyza bolan hormat-sarpamyzy has-da belende göterýär.

Medeniýet diplomatiýasynyň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryndan gözbaş alýan medeniýet diplomatiýasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenilýär.

Döwletli döwrandyr üsti bedewiň

Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar. Halkymyzyň milli guwanjy bolan türkmen bedewi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bolsa elmydama dünýä jahankeşdleriniň, şahyrlaryň, ýazarlaryň dilinde wasp edilipdir. Behişdi bedewler biziň taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize çuňňur ornaşypdyr. Ata-babalarymyzyň öz atyny maşgala agzalarynyň biri hökmünde görendigine bolsa “Ertir turup ataňy gör, ataňdan soňa atyňy” diýen nakyl hem doly şaýatlyk edýär. Dogrudan-da, ata-babalarymyz özi iýmän atyna iýdiripdirler. Özi geýmän atyny bezäpdirler. Atlaryna höregine derek gözüniň agyny, ýüreginiň ýagyny, suwa derek süýt içirip, gymmat bahaly şaý-sepler, atlas-lybaslar bilen beslän, ýele ýelken, Güne galkan bolup, olary dünýädäki ahli baýlykdan ileri tutup, goraglap gezen türkmen halkynyň gözünde bedew atyň gadyr-gymmaty düýpgöter başgaçadyr.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Biziň redaksiýamyza özüniň çeken ajaýyp suratlaryny ugradan ýaşajyk suratkeş deň-duşlaryňyzyň biri Baýramaly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Begli Garaýewdir. Ol etrabyň çagalar sungat mekdebiniň 2-nji synpynda okap, surat çekmegiň inçe tärlerini öwrenýär. Onuň şu işlerini synlanymyzda bolsa geljekde ökde suratkeş boljakdygyna göz ýetirýäris. * * *