Akyldar şahyryň belent hormaty

16 Aprel 2024
620

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň ajaýyp tebigatyny, sähralaryny, watansöýüjiligi, birek-birege hormat-sarpany, söýgini, durmuş gözelligini , türkmen halkynyň sazlaşykly, parahat, abadan durmuşyny, özygtyýarlylygy ajaýyp goşgularynda çeper beýan edipdir. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň ady dünýä doldy. Dana Pyragynyň ajap eserleri dünýä halklarynyň dürli dillerinde neşir edilýär. Akyldar şahyryň şygyrlary Firdöwsi, Dehlewi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy ýaly dünýä belli beýik alymlaryň we akyldarlaryň eserleriniň arasynda aýratyn orna mynasypdyr. Olaryň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyny döretdi.

Dana Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler, mugallymlar, ýaş nesiller, mahlasy, hemmeler üçin nusgalyk mekdepdir.

Gurbanmyrat MUHAMMETNAZAROW,
Bäherden etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.