Ýaş gözegçiler bäsleşdiler

5 sagat öň
10

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyndan gözbaş alyp, indi asylly däbe öwrülen, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň süňňündäki çäreler toplumy hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň aýdyşy ýaly, döwletimiziň adam hakyndaky aladalarynyň aýdyň netijeleriniň biridir.

Milli Liderimiz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy bu ulgamyň iň iri düzüm bölegi bolup durýar. Bu gullugyň işiniň barşynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ähmiýetlidigi aýratyn bellenilmelidir. Onuň dowamynda ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň onuň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine degişli maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işleriň aýdyň miwesidir» diýip, örän dogry belleýär.

Arslanmyrat KULAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň müdiri, polisiýanyň maýory.