Garaşsyzlykdan galkynan Watan

8 sagat öň
20

Şeýle şygar bilen Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen bu çärä orta mekdepleriň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksadyna gönükdirilen bu çärede TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammedow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Şöhrat Söýungylyjow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Gülnahal Dädebaýewa, etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Abdymyrat Ahmedow, 51-nji orta mekdebiň mugallymy Dünýä Gaýypgulyýewa, 57-nji orta mekdebiň mugallymy Annabeg Aýmakowa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimizi jebisleşdirmek ugrunda tagalla edýän abraýly guramadygy, guramanyň agzalarynyň ýurdumyzda geçirilýän köpsanly çärelere işjeň gatnaşýandygy, Watanymyzda ýaýbaňlaşdyrylan giň gerimli özgertmeleriň şaýady bolýandyklary barada aýratyn belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessuryny, taryhyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.