Bäşgeldi Garajaýew — teatr sahnasynda ýaşaýan suratkeşlik

14 Aprel 2024
370

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ussat türkmen teatr suratkeşi Bäşgeldi Garajaýewiň 75 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp döredijilik sergisi guraldy. Sergide Nazar Geldiýewiň «Seýdi», Setdar Garajaýewiň «Görogly», Berdi Kerbabaýewiň «Japbaklar», belarus dramaturgy Alekseý Dudarewiň «Agşam», Nadežda Ptuşkinanyň «Gitme», Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Nejep oglan», Bazar Amanowyň «Mollanepes» pýesalarynyň sahna bezegleriniň we eşikleriniň eskizlerini görmek bolýar. Şeýle hem sergi diwarlygynda kinofilmlere döredilen bezeg eskizleri we portret teatr-bezeg sungaty ýerleşdirilipdir.

Bäşgeldi Garajaýew 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine teatr-bezeg sungaty bölümine okuwa girýär. Ol turuwbaşdan Şamuhammet Akmuhammedow we Annadurdy Almämmedow ýaly mugallymlardan galamda we reňkde surat çekmegi, teatr taslamalaryny tapmagy öwrenýär. 1969-njy ýylda okuwyny üstünlikli tamamlan ýaş zehin Marynyň Kemine adyndaky drama teatryna işe ýollanýar. Ol ilkinji gezek režissýor Durdymämmet Öräýew bilen bilelikde gyrgyz dramaturgy Mar Baýjyýewiň «Duel» atly dramasyny sahnalaşdyrýar. Soňra režissýor Abdylla Ýakubow bilen «Oba durmuşy», «Bilezik», «Gurluşykçylar» ýaly sahnalaryň üstünde işleýär. Suratkeş öz döreden eserlerinde elmydama adamy öňe sürmäge çalyşýar. Bu bolsa aktýorlaryň oýnunyň täsirini güýçlendirmäge, keşpleri ulaltmaga, olaryň has täsirli bolmagyna ýardam edýär.

Umyt JEPBAROW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby.