Buýsançly taryhymyz — beýik geljegimize badalga

11 Aprel 2024
434

Türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyzyň adamzadyň bagtyna gönükdirilen sahawatly işlerini üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpmilletli agzybir halkymyzy jebislik, bitewülik we Watanymyzyň beýik ösüşleriniň hatyrasyna yhlasly hem-de döredijilikli zähmete joşdurýan, beýik üstünliklere ýetirýän kämil mekdepdir. Ol kämil mekdep şöhratly geçmişimiziň durmuş sapaklaryny okadyp, milli taryhymyza hormat goýmagy öwredip, ýagty geljegimize şugla saçýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň baýram edilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly sowgat boldy.

Aziz HASANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.