Änew sardobasy

16 Aprel 2024
483

2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheri köp müňýyllyk taryhly medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Gadymy şäher tutuş sebitde ekerançylyk, gadymy suw desgalary, maldarçylyk, binagärçilik medeniýetiniň dörän, tutuş sebitiň siwilizasiýa merkezi hökmünde şöhratlanýar.

Watanymyzyň çar ýanyny gurşap alýan taryhy-medeni ýadygärlikleriň goýnunda şöhratly taryhymyzyň täsin wakalary, olaryň binagärliginde bolsa pederlerimiziň yhlas-zehininiň, döredijilik gözlegleriniň netijesi bolan baý tejribeleri jemlenýär. Şu jähtden, beýik pikir-garaýyşlar siňdirilen her bir taryhy ähmiýetli binagärlik ýa-da gadymy desga biziň şanly geçmişimize, watansöýüji ata-babalarymyza bolan hormat-sarpamyzy has-da belende göterýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.