Gadymy medeniýet ojagy

11 Aprel 2024
600

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda biri-birinden zyýada gelýän her bir ýyl türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän şanly ýyl hem taryhy ähmiýetli wakalara sapýar. Üstümizdäki ýylda welaýat merkezimiz Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen bagly geçirilýän çäreler taryhy ähmiýetliligi bilen ünsi çekýär.

Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynda şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda aýratyn belläp geçýär. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar.

Süleýman MUHAMMETGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy.