Sungata höwesli ýaşlar

17 Aprel 2024
375

Ýaşlara Watanyň daýanjy hökmünde mynasyp baha berýän hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesindäki aladalary netijesinde  ýaş nesliň döredijilik babatdaky zehin-ukybyny ýüze çykarmakda, ösdürmekde ýetilýän sepgitler bellenilmäge mynasypdyr. Medeniýete, sungata höwesi bilen tapawutlanýan ýaşlarymyzyň hatarynyň yzygiderli artmagy aýratyn guwandyryjydyr. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, kämilleşdirmekde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan tutumlary üstünlikli dowam etdirýändigini tassyklaýar.

Milli Liderimiz medeniýeti halkyň kalbyna deňeýär. Sebäbi medeniýetimizde we sungatymyzda ajaýyp zamanamyzyň ösüşi aýdyň şöhlelenýär. Onda halkymyzyň ähli üstünliklerimize bolan egsilmez söýgüsi, çäksiz buýsanjy mynasyp beýanyny tapýar. Şol söýgi-buýsançda zehinli ýaşlarymyzyň joşgunly sesleriniň belentden ýaňlanmagy täze taryhy eýýamyň gazanan uly üstünlikleriniň biridir. Geljege nusgalyk şeýle üstünlikleriň sakasynda duran Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Amangeldi Durdyýew,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.