Edepli ile ýarar

17 Aprel 2024
455

Şeýle at bilen Gyzylarbat etrap häkimliginiň, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň kämil bilim almaklary, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde edep-terbiýeli, Watana wepaly, zähmetsöýer, sagdyn ýaş nesliň kemala gelýändigi hasam buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly kitaplary nesil terbiýesinde gymmatly gollanmadyr. Çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, ýaş nesliň ýagty geljegi ugrunda uly aladalaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Öwezguly Öwezow,
Gyzylarbat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.