«Magtymguly» diýip adym tutsalar

16 Aprel 2024
404

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde beýik akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns gönükdirildi. Şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk, bir döwletlilik, bir başa gulluk etmek ýaly ýörelgeleri türkmen halky üçin şu gün hem örän gymmatly bolmagynda galýar. Magtymguly atamyzyň halky agzybirlige çagyrýan şygyrlarynda diňe bir ykdysady birligiň, güýç-kuwwatyň däl, eýsem köňülleriň, ýürekleriň bir bolmagyna üns çekilýär. Şahyryň:

Göwünler, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler, ol ykbaly türkmeniň.

Nazar TAGAÝEW,
Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.