Medeni mirasymyz — milli mertebämiz

17 Aprel 2024
402

Umumadamzat medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly hem-de gaýtalanmajak maddy-ruhy gymmatlyklary egsilmez hazynadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, “Türkmen halky beýik sungaty, ägirt uly edebi, medeni mirasy döredip bilen halkdyr”. Müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimizdir asylly däp-dessurlarymyz döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez gymmatlykdyr. Şeýle-de halkymyzyň çäksiz we düýpsüz döredijilik ummany ata Watanymyza, merdana halkymyza wepaly, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde hem gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak görelde mekdebidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda asyrlar aşyp gelen milli gymmatlyklarymyzy we nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijilik mirasyny dünýä ýaýmak, wagyz etmek, olary geljekki nesillere ýetirmek boýunça tutumly işler geçirilýär. Muňa doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede dabaralanýan dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy buýsançly subutnama bolup dünýä dolýar. Bu işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, taryhy tutumlary elmydama üstünliklere beslensin!

Gülnabat Taýçaýewa,
welaýat raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň baş hünärmeni, 3-nji derejeli ýurist.