HABARLAR

Terbiýe — bagtyň gözbaşy

Edep adamyň bütin ýaşaýşynyň dowamynda onuň şahsyýetine berilýän mynasyp bahadyr. Ajaýyp edim-gylymlardyr däp-dessurlar bilen dünýä injek çaganyň ruhy barlygy terbiýelenip başlanyşyna, ol dünýä inensoň hem terbiýe ýagşy görüm-görelde, öwüt-ündew bilen dowam etdirilipdir. Bu babatda halkymyzyň arasynda giňden ulanylýan «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýen pähimli jümlä eýerilipdir. Çünki edep-terbiýe çaganyň geljekki ykbalynyň, onuň nähili adam bolup ýetişjekdiginiň hem kesgitleýjisi bolupdyr. Hut şonuň üçin-de ene-ata öz perzendini hem gowy görüm-görelde gören çaga bilen tirkeşdirenini gowy görüpdir. Il arasynda «Pylanynyň ogly ýa-da gyzy edepli, terbiýe gören ýeriň çagasydyr, ony dost tutunyp ýalňyşmarsyň» ýa-da gudaçylyk gatnaşyklarynda «Pylanylaryň gapysyny kaksaňyz ýalňyşmarsyňyz, adam çykýan ýerlerdir» diýen ýaly jümlelere ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Munuň özi ýöne bir aýdylyp goýberiläýen jümleler bolman, eýsem halkymyz tarapyndan edep-ekrama näderejede beýik hormat goýulýandygynyň beýanydyr.

Ussat sazandanyň sarpasy

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň at gazanan artisti, gyjakçy sazanda Oraz Saryýewiň doglan gününiň 105 ýyllygy mynasybetli edebiýat agşamy geçirildi. «Syrly mukam» ady bilen geçirilen edebiýat agşamyny welaýat kitaphanasynyň ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölümi hem-de N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebi bilelikde gurady. Oňa kitaphana işgärleridir okyjylary, welaýat häkimliginiň 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyplary hem-de mugallymlary gatnaşdy. Edebiýat agşamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen aýdym-saz sungatynyň döwrebap röwüşde ösýändigi we dünýä çykýandygy, milli medeniýetimizde, sungatymyzda öçmejek yz galdyran halypalaryň, ussatlaryň sarpasynyň belentde tutulýandygy barada täsirli gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşan ussatlaryň döredijilik ýollarynyň düýpli öwrenilýändigi, ata-babalarymyzdan gelýän halypa-şägirtlik mekdebiniň döwrebap dowam etdirilýändigi, munuň özi döredijilik äleminde täze zehinleri ýüze çykarmaga we milli sungatymyzy has belentliklere götermäge ýardam edýändigi barada aýdylanlar çärä gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi.

Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň kal­by­nyň toý­du­gy­ny, şat­lyk­dy­gy­ny, bar­lyk­dy­gy­ny, baý­ram­dy­gy­ny bir ge­zek däl, on­lap-ýüz­läp gaý­ta­la­ýan­dy­ryn, gaý­ta­la­ry­nam. Şeý­le­di­gi ge­rek bi­ze. Adam dün­ýä inen­de şol gym­mat­ly­ga teş­ne bo­lup gel­ýär. Is­le­gi şol­dur, ide­gi şol­dur. San­ly öm­rüň so­ra­gy ol, go­ra­gy ol.Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­mi­ziň dö­re­dil­me­gi­niň 140 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­len­jek­di­gi­ni öňün­den ha­bar ber­ýän­li­gi diý­ýä­ni­mi do­ly tas­syk­la­ýan­dyr. Ar­ka­da­gyň ak şä­he­ri Aş­ga­ba­dyň dün­ýä­de ak mer­mer bi­len ör­tü­len bi­na­la­ryň has köp top­la­nan şä­he­ri hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi bol­sa, sun­gat ese­ri­ne öw­rü­len paý­tag­ty­my­zy dün­ýä ta­nat­dy. Beýikler baryny bar eýläp bilýär,Merdi bilen Watan Watan bolýandyr.Şeýdibem,                 müňläp ýyl ýaşan il gelýär,Adygyban giň jahana dolýandyr.

Aýdyma öwrülen ömür

Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny eşideniňden, gulagyňda ajaýyp bir aýdym ýaňlanyp giden ýaly bolýar. Munuň özi halypanyň diňe sungat adamy bolandygy üçin hem bolsa bolýandyr, ýöne esasy zat özüniň sungaty, manyly ömri bilen ýüreklerde baky orun alandygyndan bolsa gerek diýip oýlanýarsyň. Ähli sungat adamlaryna beýle bagt miýesser edip durmaýar. Munuň üçin bolsa öz sungatyň bilen Watanyňa, halkyňa bolan söýgiňi giňden beýan etmegi, sungatyň bilen söýginiň dilinde gürlemegi başarmaly. Maýa Kulyýewa şony başarypdy. Eger aýatda diri bolan bolsa, ol şu gün 101 ýaşamalydy. Baharyň şu joşgunly günlerinde, paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halypa hakda söhbet etmegiň ýakymy-da, ähmiýeti-de has başgaça. Çünki Aşgabat hakda ilkinji aýdymlaryň birini aýdan Maýa Kulyýewadyr. Şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna döredilen şol aýdymyň sözleri öňräk, has anygy, ýylyň başraklarynda gazetimizde çap edilipdi.

Keşbine aklyk siňen

Durmuş hakykatyny, pederlerimiziň ýaşaýyş-durmuş tejribesini özüne siňdiren, atalar sözlerine, nakyllara öwrülip, aňymyzy-ruhumyzy milli ruhda terbiýelemekde ähmiýetli bolan dürdäne sözler näçe diýseň bar. Olaryň biri-de «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen jümledir. Bu umman ýaly manyny aňladýan jümle halkymyzyň ykbalynyň düýp özenine öwrüldi. Ak daňlary aklyk bilen garşy alýan halkymyzyň alny aklyga tarap. Aýdyň ýollary aklyga uzaýan, gujagyny ak guw kimin ak binalar bezeýän, ertekileriň wysal bolan mekany — Aşgabat!

Bu meniň Watanym, Türkmenistanym!

Dost-doganlyk, asudalyk mekany,Bu meniň Watanym, Türkmenistanym!Parahatlyk bilen bagta ýetenim,Bu meniň Watanym, Türkmenistanym! Garagumy, akyp ýatan gazy bar,Deňiz-derýa, «Altyn asyr» köli bar.Behişt kibi sowulmajak ýazy bar,Bu meniň Watanym, Türkmenistanym!

Begenç gözýaşlary

(Oýlanma) Sen juda mähriban hem eziz! Sen hakdaky ýatlamalar dünýäme dolanda ýylgyranymy duýman galýaryn. Ynanýaňmy, ynanmaýaňmy, bilemok, uzakly günümi sen hakda pikirlenip, seni ýatlap geçirýärin. Bütin süňňüm, durkum bilen saňa berilýärin. Ýöne, näme üçindir, bu zatlaryň ählisi meniň häzirlikçe diňe içki dünýämde ýaşaýar. Çünki men saňa öz söýgimi aýan edip bilemok, diýseň ejap edýän. Belki, muňa gyz çekinjeňligi, uýat-haýam ýol berýän däldir. «Hakyky söýgi erbetligi gowulyga öwrüp bilýär» diýleni çyn eken. Öňler sen başga adamdyň, indi welin, düýbünden başga — diýseň ýumşak, alçak, şadyýan... Dogrymy aýdaýyn, gözlerime göni bakan wagtyň men senden juda utanýan! Şonuň üçinem, eger-de, aňýan bolsaň, saňa öz söýgimi gözlerim bilen aýan edýärin.

Oba medeniýet öýi halkyň hyzmatynda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi ösdürmek, halkymyza hödürlenilýän medeni hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, medeniýet öýleri we döredijilik merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Etrap merkezlerindäki we oba ýerlerindäki medeniýet öýleri milli binagärlik däplerini häzirki zaman ösen tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak esasynda bina edilýär. Bu aýdanlarymyza S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Altyn ýol geňeşliginiň oba medeniýet öýüni mysal getirse bolar. Bu medeni maksatly bina 2014-nji ýylda ulanylmaga berlip, halkymyzyň medeni mirasyny, milli medeniýetini ösdürmekde önjeýli iş alyp barýar. Oba medeniýet öýüniň döredijilik toparlary galla oragy, pagta ýygymy döwürlerinde zähmetkeş babadaýhanlara medeni hyzmatlaryny hödürläp, olaryň armasyny ýetirýärler. Şeýle hem bu ýerde tans we çeper okaýyş gurnaklary hereket edýär. Olara ýaşlar we mekdep okuwçylary höwes bilen gatnaşýarlar. Oba medeniýet öýüniň döredijilik toparlary taýýarlaýan şowhunly çykyşlary bilen etrap, welaýat derejesinde geçirilýän medeni çärelerde işjeňlik görkezýärler. Medeniýet öýünde oba ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmaga, ukyp

Nebsiňi bir işe meşgul etmeseň...

Dessine bitirilmeli zerur işler ýüze çykmadyk halatynda «Dynç alyş güni ukudan biraz gijräk galksagam bolar» diýip, özüňizi arkaýynlyga salan gezekleriňiz boldumy? Ýa-da käteler «Birazajyk boş wagtym bolsa, ýatsam, hezil edip dynç alsam» diýmäňiz barmy? Hamana, köp ýatsak, boş wagtymyz köp bolsa, köp dynç alaýjak ýalydyrys, ýöne daň atandan soň-a, ýorganyň özünden beter düýrlenseň-de, peýda ýok, gaýta öňküdenem argyn halda oýanýarsyň. Eger şeýle bolsa, bu ýagdaý bizde heniz doly terbiýelenmedik nebsiň bardygynyň alamaty. Wagta kembaha garamak duýgusy hem-de ýaramaz islegleriň ählisi terbiýesiz nebsiň islegleridir. Aýtmaklaryna görä, ynsanyň içinde «nebis» atly seýislenmedik ummasyz uly güýç bar — daglary ýerinden gobsundyryp biljek, ýöne baş öwretmeseň, başbermezek sarç güýç. Şol bir zatdan tiz bez bolýan, üstesine ýaltalyga we ýaramazlyga ýykgyn edýän närse. Nebis güýjüni owsarlamasaň, oňa diýeniňi etdirip bilmeseň, ol saňa öz hökümini ýöredip başlaýar. Sähel «haý-küşüňe» «hä» berjek gümany ýok. Ugruna goýberdigiň — işiň gaýtdygy. Terbiýelenmedik nebsiň alamatlary: haýyr işlere hergiz ilgezik ýapyşmaz — ýaltandyrar, etmezlige bahana gözleder we tapybam berer, emma wagtyňy bimany ötürtjek biderek oýun-güýmenjeler, ähmiýetsiz

Açyk göwünli Aşgabat

25-nji maýda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan toýlanjak mermer şäherimiz Aşgabat hemişe dünýäniň tanymal şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň üns merkezinde bolupdyr. Dürli ýyllarda Aşgabatda bolup görmek miýesser eden daşary ýurtlaryň belli alymlary, medeniýet we sungat işgärleri, syýasy-jemgyýetçilik wekilleri Watanymyzyň ýüregi bolan mermer paýtagtymyz hakynda ýakymly ýatlamalary galdyrypdyrlar. 1955-nji ýylyň 9 — 23-nji iýuny aralygynda Hindistanyň ozalky Premýer-ministri Jawaharlal Neru hem-de onuň gyzy Indira Gandi şol döwürde Sowet Soýuzynyň düzümine giren Gruziýa, Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan Respublikalaryna saparda bolýarlar. Şeýle-de, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, Sankt-Peterburg, Swerdlowsk, Magnitogorsk şäherleri we Altaý ülkesi bilen ýakyndan tanyş bolýarlar.