Meşhur skripka ussalary

29 Aprel 2021
1236

XVI — XVII asyrlarda Ýewropa ýurtlarynda skripka ussalarynyň iri mekdepleri kemala gelipdir. Olaryň arasynda italýan skripka mekdebiniň wekilleri has uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu mekdebiň iň meşhurlary Kremonaly Amatiler, Gwarneriler we Stradiwariler maşgalalarydyr.

Amati. Kremona şäherinde ýaşap geçen skripka ussasy Andrea Amati 1530-njy ýylda dogany Antonio bilen ussahana açyp, alt, wiolonçel, skripka öndürip ugraýar. Onuň saz gurallarynyň bize gelip ýetenleriniň iň irkisi 1546-njy ýylda ýasalypdyr. Amatiniň beýleki ussalardan tapawudy häzirki zaman görnüşdäki skripkany ilki bolup öndürendigidir. Häzire çenli üýtgewsizligine galan ol skripkalardaky özgertmeler, esasan, ses çykaryş güýji bilen baglanyşyklydyr. Kakalarynyň kesbini dowam eden Antoniodyr Jirolamonyň ýasan skripkalary has nepis, sesi ýakymly bolupdyr. Jirolamonyň ogly Nikolo köpçülikleýin çykyşlara niýetlenen skripkany döredip, atasynyňka görä saz gurallaryny ses, daş görnüş babatda has kämilleşdirýär.

Toýguly PIRGULYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.