Nebsiňi bir işe meşgul etmeseň...

30 Aprel 2021
1149

Dessine bitirilmeli zerur işler ýüze çykmadyk halatynda «Dynç alyş güni ukudan biraz gijräk galksagam bolar» diýip, özüňizi arkaýynlyga salan gezekleriňiz boldumy? Ýa-da käteler «Birazajyk boş wagtym bolsa, ýatsam, hezil edip dynç alsam» diýmäňiz barmy? Hamana, köp ýatsak, boş wagtymyz köp bolsa, köp dynç alaýjak ýalydyrys, ýöne daň atandan soň-a, ýorganyň özünden beter düýrlenseň-de, peýda ýok, gaýta öňküdenem argyn halda oýanýarsyň. Eger şeýle bolsa, bu ýagdaý bizde heniz doly terbiýelenmedik nebsiň bardygynyň alamaty. Wagta kembaha garamak duýgusy hem-de ýaramaz islegleriň ählisi terbiýesiz nebsiň islegleridir.

Aýtmaklaryna görä, ynsanyň içinde «nebis» atly seýislenmedik ummasyz uly güýç bar — daglary ýerinden gobsundyryp biljek, ýöne baş öwretmeseň, başbermezek sarç güýç. Şol bir zatdan tiz bez bolýan, üstesine ýaltalyga we ýaramazlyga ýykgyn edýän närse. Nebis güýjüni owsarlamasaň, oňa diýeniňi etdirip bilmeseň, ol saňa öz hökümini ýöredip başlaýar. Sähel «haý-küşüňe» «hä» berjek gümany ýok. Ugruna goýberdigiň — işiň gaýtdygy. Terbiýelenmedik nebsiň alamatlary: haýyr işlere hergiz ilgezik ýapyşmaz — ýaltandyrar, etmezlige bahana gözleder we tapybam berer, emma wagtyňy bimany ötürtjek biderek oýun-güýmenjeler, ähmiýetsiz kino-seriallar, dawa-jenjel, gep-gybat ýaly zeleli, zeperi, zyýany ýetik zatlara welin maýyl eder durar. Muňa garamazdan, täsin tarapy, nebsiňi gowy terbiýeläp bilseň, onuň weýran ediji güýji dörediji güýje öwrülýär.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.