Begenç gözýaşlary

30 Aprel 2021
1118

(Oýlanma)

Sen juda mähriban hem eziz! Sen hakdaky ýatlamalar dünýäme dolanda ýylgyranymy duýman galýaryn. Ynanýaňmy, ynanmaýaňmy, bilemok, uzakly günümi sen hakda pikirlenip, seni ýatlap geçirýärin. Bütin süňňüm, durkum bilen saňa berilýärin. Ýöne, näme üçindir, bu zatlaryň ählisi meniň häzirlikçe diňe içki dünýämde ýaşaýar. Çünki men saňa öz söýgimi aýan edip bilemok, diýseň ejap edýän. Belki, muňa gyz çekinjeňligi, uýat-haýam ýol berýän däldir. «Hakyky söýgi erbetligi gowulyga öwrüp bilýär» diýleni çyn eken. Öňler sen başga adamdyň, indi welin, düýbünden başga — diýseň ýumşak, alçak, şadyýan... Dogrymy aýdaýyn, gözlerime göni bakan wagtyň men senden juda utanýan! Şonuň üçinem, eger-de, aňýan bolsaň, saňa öz söýgimi gözlerim bilen aýan edýärin.

Jeren AŞYRMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.