Merjen şäherimiziň waspy

29 Aprel 2021
1150

Babadaýhan etrabynda tebigatyň gözel künjeginde «Aşgabat — Aziýanyň göwher gaşy» ady bilen dabara geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan dabarany etrabyň medeniýet bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa medeniýet işgärleri we çeper höwesjeňler gatnaşdy.

Dabarada Arkadagly döwrümizde günsaýyn özgerýän Aşgabadyň şanyna uludan tutuljak şanly toýuň ähmiýeti, baş şäherimiziň ösüşleri, onda ildeşlerimiziň ýokary amatly şertlerde ýaşamagy we zähmet çekmegi ugrunda döredilen ajaýyp şertler barada buýsançly gürrüň edildi hem-de paýtagtymyzy sebitiň nusgalyk şäherine öwrendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

Gunça BAÝRAMOWA,
Babadaýhan etrabynyň medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli artisti.