Ussat sazandanyň sarpasy

2 Maý 2021
1044

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň at gazanan artisti, gyjakçy sazanda Oraz Saryýewiň doglan gününiň 105 ýyllygy mynasybetli edebiýat agşamy geçirildi. «Syrly mukam» ady bilen geçirilen edebiýat agşamyny welaýat kitaphanasynyň ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölümi hem-de N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebi bilelikde gurady. Oňa kitaphana işgärleridir okyjylary, welaýat häkimliginiň 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyplary hem-de mugallymlary gatnaşdy.

Edebiýat agşamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen aýdym-saz sungatynyň döwrebap röwüşde ösýändigi we dünýä çykýandygy, milli medeniýetimizde, sungatymyzda öçmejek yz galdyran halypalaryň, ussatlaryň sarpasynyň belentde tutulýandygy barada täsirli gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşan ussatlaryň döredijilik ýollarynyň düýpli öwrenilýändigi, ata-babalarymyzdan gelýän halypa-şägirtlik mekdebiniň döwrebap dowam etdirilýändigi, munuň özi döredijilik äleminde täze zehinleri ýüze çykarmaga we milli sungatymyzy has belentliklere götermäge ýardam edýändigi barada aýdylanlar çärä gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy. SURATLARDA: edebiýat agşamyndan we onuň çäginde guralan sergiden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.