Aýdyma öwrülen ömür

1 Maý 2021
1318

Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny eşideniňden, gulagyňda ajaýyp bir aýdym ýaňlanyp giden ýaly bolýar. Munuň özi halypanyň diňe sungat adamy bolandygy üçin hem bolsa bolýandyr, ýöne esasy zat özüniň sungaty, manyly ömri bilen ýüreklerde baky orun alandygyndan bolsa gerek diýip oýlanýarsyň. Ähli sungat adamlaryna beýle bagt miýesser edip durmaýar. Munuň üçin bolsa öz sungatyň bilen Watanyňa, halkyňa bolan söýgiňi giňden beýan etmegi, sungatyň bilen söýginiň dilinde gürlemegi başarmaly. Maýa Kulyýewa şony başarypdy.

Eger aýatda diri bolan bolsa, ol şu gün 101 ýaşamalydy. Baharyň şu joşgunly günlerinde, paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halypa hakda söhbet etmegiň ýakymy-da, ähmiýeti-de has başgaça. Çünki Aşgabat hakda ilkinji aýdymlaryň birini aýdan Maýa Kulyýewadyr. Şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna döredilen şol aýdymyň sözleri öňräk, has anygy, ýylyň başraklarynda gazetimizde çap edilipdi.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».