Açyk göwünli Aşgabat

29 Aprel 2021
1181

25-nji maýda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan toýlanjak mermer şäherimiz Aşgabat hemişe dünýäniň tanymal şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň üns merkezinde bolupdyr. Dürli ýyllarda Aşgabatda bolup görmek miýesser eden daşary ýurtlaryň belli alymlary, medeniýet we sungat işgärleri, syýasy-jemgyýetçilik wekilleri Watanymyzyň ýüregi bolan mermer paýtagtymyz hakynda ýakymly ýatlamalary galdyrypdyrlar.

1955-nji ýylyň 9 — 23-nji iýuny aralygynda Hindistanyň ozalky Premýer-ministri Jawaharlal Neru hem-de onuň gyzy Indira Gandi şol döwürde Sowet Soýuzynyň düzümine giren Gruziýa, Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan Respublikalaryna saparda bolýarlar. Şeýle-de, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, Sankt-Peterburg, Swerdlowsk, Magnitogorsk şäherleri we Altaý ülkesi bilen ýakyndan tanyş bolýarlar.

Meretgylyç Ýagmyrow.