Keşbine aklyk siňen

30 Aprel 2021
1084

Durmuş hakykatyny, pederlerimiziň ýaşaýyş-durmuş tejribesini özüne siňdiren, atalar sözlerine, nakyllara öwrülip, aňymyzy-ruhumyzy milli ruhda terbiýelemekde ähmiýetli bolan dürdäne sözler näçe diýseň bar. Olaryň biri-de «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen jümledir. Bu umman ýaly manyny aňladýan jümle halkymyzyň ykbalynyň düýp özenine öwrüldi.

Ak daňlary aklyk bilen garşy alýan halkymyzyň alny aklyga tarap. Aýdyň ýollary aklyga uzaýan, gujagyny ak guw kimin ak binalar bezeýän, ertekileriň wysal bolan mekany — Aşgabat!

Güljahan ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.