Terbiýe — bagtyň gözbaşy

2 Maý 2021
1119

Edep adamyň bütin ýaşaýşynyň dowamynda onuň şahsyýetine berilýän mynasyp bahadyr. Ajaýyp edim-gylymlardyr däp-dessurlar bilen dünýä injek çaganyň ruhy barlygy terbiýelenip başlanyşyna, ol dünýä inensoň hem terbiýe ýagşy görüm-görelde, öwüt-ündew bilen dowam etdirilipdir. Bu babatda halkymyzyň arasynda giňden ulanylýan «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýen pähimli jümlä eýerilipdir. Çünki edep-terbiýe çaganyň geljekki ykbalynyň, onuň nähili adam bolup ýetişjekdiginiň hem kesgitleýjisi bolupdyr. Hut şonuň üçin-de ene-ata öz perzendini hem gowy görüm-görelde gören çaga bilen tirkeşdirenini gowy görüpdir.

Il arasynda «Pylanynyň ogly ýa-da gyzy edepli, terbiýe gören ýeriň çagasydyr, ony dost tutunyp ýalňyşmarsyň» ýa-da gudaçylyk gatnaşyklarynda «Pylanylaryň gapysyny kaksaňyz ýalňyşmarsyňyz, adam çykýan ýerlerdir» diýen ýaly jümlelere ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Munuň özi ýöne bir aýdylyp goýberiläýen jümleler bolman, eýsem halkymyz tarapyndan edep-ekrama näderejede beýik hormat goýulýandygynyň beýanydyr.

Leýla ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.