HABARLAR

Türkmenistan — parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň Watany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary Ýer ýüzünde giň goldawa eýe bolýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny aýratyn bellemek bolar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-njy iýulynda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren ikitaraplaýyn we giňişleýin düzümdäki gepleşiklerinde ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary barada durlup geçildi. Döwlet Baştutanymyz: «Biziň strategik dialogymyzyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdanymyzda, ählumumy howpsuzlyga; sebit ýagdaýlaryna; durnukly ösüşe; ynsanperwer meselelere üns bermeli diýip hasap edýärin. Häzirki şertlerde dartgynly ýagdaýlaryň öňüni almaga we dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülmegi zerurdyr. Bu ugurda gatnaşyklaryň yzygiderli usullaryny ýola goýmak möhümdir» diýip bellemek bilen, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda ugur alýan esasy ýörelgelerini beýan etdi.

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Geňeşli iliň döwletli ýoly Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleri wagyz etmek we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän taryhy çözgütleriň möhüm ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, «Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Beýik ösüşleriň rowaçlanýan mekany

Medeni miras we halkara hukugy

Ýurdumyzda halkymyzyň taryhy we medeni mirasy aýratyn sarpalanýan gymmatlyk bolup, ol bütindünýä medeni mirasynyň düzüm bölegidir. Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlarynyň alymlarynyň ünsüni özüne çekýän Gündogaryň gadymy siwilizasiýasynyň ojagy hasaplanýar. Dünýäde ýaşaýan her bir halkyň özüne degişli aýratynlyklary, özboluşly medeni mirasy bar. Türkmenistan dünýä ösüşiniň genji-hazynasyna girýän maddy we ruhy medeniýetiň köp sanly ýadygärliklerinde saklanyp galan täsin mirasa eýedir. Ýurdumyz taryhy-medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda halkara guramalar bilen giň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyz halkara hukuk kadalaryny ileri tutmak bilen, halkara resminamalaryň ençemesine goşuldy. Olaryň hatarynda «Medeni miras» diýen düşünjäni kesgitleýän, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny, Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny, Edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern Konwensiýasyny hem-de Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Gaaga Konwensiýasyny g

Çeper elli zenanlaryň üstünligi

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde çeper elli, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine goşantlaryny goşýan, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşigine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden keçe senetçiligi bilen meşgullanýan zenanlar gatnaşdylar.

Sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti

Ýurdumyzyň gazanýan ýokary ösüş sepgitleriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa eýlenen döwletli başlangyçlary, öňe süren durmuş-ykdysady ösüş we özgertmeler maksatnamalary durýar.  «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy we oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýäniň ösen tejribesini hem-de öňegidişliklerini nazara alyp, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazaryýet bilimlerine we öňdebaryjy ylymlara esaslanan sanly ykdysadyýeti döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ykdysadyýeti üstünlikli sanlylaşdyrmagyň möhüm şerti ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maglumat- aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron görnüşde ýerine ýetirilmeginiň gazanylmagy we sanly hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagydyr. Dünýäde birinji onluga girýän ýurtlarda döwlet tarapyndan hödürlenýän hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilen ähli möhüm işler dört sany esasy tapgyrdan ybarat bolup, olar maglumat, interaktiw, tranzaksion, transformasion tapgyrlardyr.

Magtymgulynyň döredijiliginde tebigatyň waspy

Beýik Magtymguly Pyragy halkyň durmuşynyň ähli taraplaryndan söz açýan şygyrlary, ölmez-ýitmez eserleri döreden dünýä belli şahyrlaryň hatarynda durýar. Onuň diwanynda Watan, il-gün, adamkärçilik, mertlik, gahrymançylyk, ar-namys..., umuman, ähli meseleler hakyndaky garaýyşlar, oý-pikirler beýan edilen goşgular bar. Başga bir şahyryň aýdyşy ýaly, ol «daň sazyna çenli okan» adama örän köp zat berýär... Magtymgulynyň tebigat, onuň gözellikleri bilen baglanyşykly goşgulary-da az däl. Olar asman-Zemin, dag-dere, duman-sil, gar-ýagyş, çöl-beýewan... barada söhbet açýar. Şol goşgular beýik şahyryň öz Watanyna, onuň ajaýyp tebigatyna çäksiz söýgüsini, ynsanperwerligini, pähim-paýhaslylygyny şöhlelendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, olaryň tebigatyň görnüşlerini suratlandyrmakda ýeten derejesi haýran galdyrýar.

Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 19-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramak, okuwçylar we talyplar üçin zerur harytlar bilen üpjün etmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, 1-nji awgustdan welaýatymyzyň dürli künjeginde mekdep bazarlary, göçme söwda nokatlary hereket edip başlady. Şadyýan tomsuň ahyrky aýy çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Täze okuw ýylynyň öň ýanynda ak mekdebe zerur bolan harytlary satyn alýan çagajyklaryň ýüzlerindäki şatlygy olaryň okuw ýylyna batly gadamlar bilen barýandygyny alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek, mekdep harytlaryny halkymyza sanly ulgam arkaly hödürlemek we eltip bermek hyzmatlary hem ýola goýuldy. Häzirki wagtda welaýatymyzda göçme söwda nokatlary hereket edip, olarda okuwçy we talyp ýaşlara zerur harytlar bar.

Aşgabat — ajaýyp sungat eseri

Özüniň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şöhratly ösüşleriniň nyşanyna öwrülen paýtagtymyz bu gün dünýäniň has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Her bir ýyl şanly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler arkaly ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar, ak şäherimiz Aşgabadyň keşbinde bolsa ak mermere beslenen belent binalaryň hatary barha uzaýar. Dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem şeýle ajaýyp binalar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyny goşalandyrdy. Aýratyn hem, gojaman Köpetdagyň eteginde ör-boýuna galan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi şanly ýylymyzyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşige

Döwletiň hem jemgyýetiň gymmatly baýlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işi halkara derejelere laýyklykda kämilleşdirildi we ösdürildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ýerine ýetirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň şeýle derejelere ýetmegine uly itergi berdi.