Aşgabat — ajaýyp sungat eseri

7 Awgust 2024
83

Özüniň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şöhratly ösüşleriniň nyşanyna öwrülen paýtagtymyz bu gün dünýäniň has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar.

Her bir ýyl şanly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler arkaly ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar, ak şäherimiz Aşgabadyň keşbinde bolsa ak mermere beslenen belent binalaryň hatary barha uzaýar. Dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem şeýle ajaýyp binalar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyny goşalandyrdy. Aýratyn hem, gojaman Köpetdagyň eteginde ör-boýuna galan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi şanly ýylymyzyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».