Baýrama bagyşlanan bäsleşik

20 Sentýabr 2024
363

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär tehniki okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli sportuň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi. 

Bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Esasan hem sportuň küşt we şaşka görnüşi boýunça guralan ýaryş talyplaryň köpsanlysyny özüne çekdi. Onuň jemi boýunça baş baýraga okuw mekdebimiziň 1-nji ýyl talyby Şatlyk Nazarow mynasyp boldy. Ikinji, üçünji orunlary okuw mekdebimizde bilim alýan Aýnur Agaýewa bilen Aksoltan Ataýewa eýelediler. Bäsleşigiň ahyrynda guralan dabarada ýeňijiler guramaçylar tarapyndan taýýarlanan sowgatlar bilen sylaglandylar.

Maral HYDYROWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär tehniki okuw mekdebiniň mugallymy.