Beýik Ýüpek ýoly Gahryman Arkadagymyzyň hem belleýşi ýaly, halklaryň ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklarynyň ösmegine, özgermegine, baýlaşmagyna uly goşant goşmak bilen çäklenmän, ynsanyň ruhy gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarynyň, ahlak ýörelgeleriniň ösüş we özgeriş taryhynda möhüm hyzmaty ýerine ýetiripdir.
Gadymy hytaý, grek, arap syýahatçylary, alymlary biziň ýurdumyza gelende, ata-babalarymyzyň ýaşaýşy, gylyk-häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri bilen tanşyp, olara ýokary baha beripdirler. Mertligiň, gahrymançylygyň, watançylygyň, agzybirligiň höküm sürýän ýurdunda bedewe aýratyn sarpa goýulýandygyny guwanç bilen belläpdirler. Bedewiň durmuşda, söweşde bitirýän hyzmatynyň uludygy barada halky kyssalarda, dessanlarda çeper beýan edilipdir. Olar dilden-dile geçirilip, biziň bagtyýar döwrümize gelip ýetipdir.