Dünýede sen bar (Oýlanma)

2 sagat öň
12

Özümi müňýyllyklaryň, ähli gelip-geçenleriň ömrüne ýetäýjek çuňlukda ýalňyz duýýaryn. Dünýäniň ähli akyldarlaryny diňledim, köp kitaplar okadym, ýöne bu boşap galmak ýalňyzlyk duýgusyndan welin hiç halas bolup bilmedim. Bu halyma näme at goýjagymam bilemok. Içimde gije-gündiz çyralary sönmeýän bir paýtagt bardy. Köňülleriň gözi gidäýjek bir medeni merkez. Ylhamdan gaýnap-joşýan, şemallarynyň bady ýatmaýan bir kent. Bir gün garaşylman durka ol gutulgysyz gussa çägesiniň astynda gömlüp galdy.

Özüni menden başga ýeke duýýan döredijilik adamy barmyka? Olaryň köpüsiniň ýekelikden göwnühoş. Ýa maňa görnüşi şeýlemikä? Ýa men döredijilik ynsany dälmikäm? Ýyllarboýy ruhuma hossar gözläp, nalap gezdim. Indi seredip otursam, ol wagtlar ejem bar eken. Bu Zeminde ejeň barka dünýeden närazy bolmak küpür eken. Günämi geç, janym ejem!

Ogulşat MYRATBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.