Sport — sagdynlyk

7 Awgust 2024
127

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan gözel Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, sport işjeňligini ösdürmek, bu ugruň dürli görnüşleri boýunça ýaş türgenleri taýýarlamak wezipeleri döwlet durmuşynyň esasy ugry hökmünde üns merkezinde saklanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu babatdaky başlangyçlaryny ýokary derejede durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ulgamyň döwrebap derejede kämilleşdirilmeginiň netijesinde, häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aziýa hem-de dünýä çempionatlarynda altyndyr kümüş medallaryň köp sanlysyny gazanýan ýaş türgenleriň sany barha köpelýär.

Ýurdumyzyň paýtagtyndan başlap, welaýat merkezlerinde, etraplarda, hatda obalarda gurlan we gurulýan sport mekdepleridir desgalarynda dürli olimpiadalara, ýaryşlara ýaşlary taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýar. Kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu desgalarda geçilýän türgenleşik işleri türgenleriň beden taýdan taplanmagyna we ýokary taýýarlykly güýje eýe bolmagyna uly mümkinçilik berýär. Bu işler türkmen türgenleriniň çempionatlarda ýokary netijeleri gazanmagyna getirýär hem-de dünýäniň sport söýüjileriniň ünsüni özüne çekýär.

Aýmyrat DÖWLETOW,
Daşoguz şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.