Giň dünýäniň geň habarlary

7 Awgust 2024
73

«Tigir» diýseň, tigir däl

ABŞ-nyň Illinois uniwersitetiniň alymlarynyň oýlap tapan ýeke tigirli «Ringbot» atly roboty ykjamlygy, netijeliligi we özbaşdak hereket etmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Ol päsgelçiliklerden geçmäge, öz ugruny kesgitlemäge, hatda basgançaklar arkaly hereket etmäge hem ukyplydyr. Önümçiligiň synag-tejribe tapgyryndan üstünlikli geçen robotyň tehniki mümkinçilikleri häzirki wagtda has-da kämilleşdirilýär. Ondan şäheriň çäginde çaparçylyk hyzmatyny amala aşyrmakda, oba hojalygynda hasyly ýygnamakda we ekinlere ideg etmekde peýdalanmaklyk göz öňünde tutulýar. Şeýle-de onuň mümkinçiligi çäkli adamlaryň hereketini, işjeňligini üpjün etmekdäki mümkinçilikleri öwrenilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.