Gündogaryň danasy

7 Awgust 2024
98

Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragy döwürleriň we köňülleriň şahyrydyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde akyldaryň paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde seleňläp duran heýkeliniň gurulmagynda aýratyn many bar. Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan ganatly setirler ýazylan binýadyň beýikligi 25 metre deňdir. Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumynda dünýä ýurtlarynyň ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleri hem ýerleşdirilen.

Magtymguly Pyragy umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Ol döwrüniň ähli wakalaryny özüniň goşgy setirlerinde beýan edipdir, adamlary ynsanperwerlige, watansöýüjilige, mertlige we ahlaklylyga çagyrypdyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda beýik şahyryň döredijiligine düýpli seljerme berip: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýip belleýär.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.