Sapaly tomsuň şatlygy

7 Awgust 2024
68

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu parasatly sözlerinden ugur alyp, eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşine, ylym we saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgelerine gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. Körpejelerimiz Diýarymyzyň çägindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alşyň üçünji tapgyrynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde wagtlaryny şadyýanlykda geçirýärler. Şadyýan çagajyklaryň birnäçesi Gökdere jülgesindäki köpsanly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Bu ýerdäki körpeleriň gülki sesleri ajaýyp mukam bolup ýaňlanýar. Çagalaryň dynç alyş möwsüminde edilýän işler barada Gökdere jülgesindäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň uly mugallymy Nargül Orazgeldiýewa şeýle gürrüň berdi:

— Gökdere jülgesindäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň üçünji möwsüminde öz saglyklaryny berkitmek üçin ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bagtyýar ýaşlarymyzyň 550-ä golaýy geldi. Olaryň her gününiň manyly we şadyýan geçmegi üçin ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Çagalar öz deň-duşlary bilen ýakyndan tanşyp, dostlaşyp, her täze güni ir säher arassa howada maşk etmek bilen başlaýarlar.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».