Sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti

7 Awgust 2024
112

Ýurdumyzyň gazanýan ýokary ösüş sepgitleriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa eýlenen döwletli başlangyçlary, öňe süren durmuş-ykdysady ösüş we özgertmeler maksatnamalary durýar.

 «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy we oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýäniň ösen tejribesini hem-de öňegidişliklerini nazara alyp, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazaryýet bilimlerine we öňdebaryjy ylymlara esaslanan sanly ykdysadyýeti döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ykdysadyýeti üstünlikli sanlylaşdyrmagyň möhüm şerti ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maglumat- aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron görnüşde ýerine ýetirilmeginiň gazanylmagy we sanly hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagydyr. Dünýäde birinji onluga girýän ýurtlarda döwlet tarapyndan hödürlenýän hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilen ähli möhüm işler dört sany esasy tapgyrdan ybarat bolup, olar maglumat, interaktiw, tranzaksion, transformasion tapgyrlardyr.

Nurbibi SEÝTEKOWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Akdepe etrap şahamçasynyň hünärmeni.